menýu

Ýahýa gelen ylham 4 Bap


1 Mundan soň seretdim, ine, Gökde açyk duran bir gapy bardy. Meniň bilen gepleşýänini eşiden sesim, ýagny surnaý sesine meňzeş ozalky ses: «Gel, bu ýere çyk, mundan soň bolmaly zatlary saňa görkezeýin» diýdi.

2 Şol pursat birden Ruhdadym. Ine, Gökde bir tagt bardy, tagtyň üstünde biri otyrdy.

3 Oturanyň görnüşi ýaşma, gyrmyzy hakyk daşyna meňzeýärdi, tagtyň töwereginde zümerret görnüşli älemgoşar bardy.

4 Tagtyň daş-töwereginde ýigrimi dört sany başga tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde başlary altyn täçli, ak lybasly ýigrimi dört ýaşuly otyrdy.

5 Tagtdan ýyldyrymlar çakýardy, batly sesler hem gök gürrüldisi eşidilýärdi. Tagtyň öňünde ýanyp duran ýedi çyra bardy. Bular Hudaýyň ýedi Ruhudyr.

6 Tagtyň garşysynda bulgur kimin dury, göýä çüýşeden ýasalan bir deňiz bar ýalydy. Ortada, tagtyň dört tarapynda öňi hem arka tarapy gözlerden doly dört sany janly mahluk durdy.

7 Birinji mahluk arslana meňzeýärdi, ikinji mahluk öküze, üçünji mahlugyň ýüzi adam ýüzi ýalydy, dördünji mahluk uçup barýan bürgüde meňzeşdi.

8 Janly dört mahlugyň her biriniň alty ganaty bardy. Töwerek daşlary, ganatlarynyň aşagy-da gözlerden doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, geçmişde bar bolan, häzir bar bolan we geljek, her zada güýji ýetýän Reb Hudaý!» diýýärdiler.9-

10 Janly mahluklar tagtyň üstünde Oturana, ebedilik Ýaşaýana şöhrat, hormat hem şükür edenlerinde, ýigrimi dört ýaşuly-da ebedilik diri bolup, tagt üstünde Oturanyň öňünde ýere ýykylyp, Oňa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňüne zyňyp, şeýle diýýärdiler:

11 «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy».





Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22