Ýahýa gelen ylham 14 Bap
1 Onsoň görsem, Guzy Sion dagynyň üstünde durdy. Onuň ýanynda bolsa maňlaýynda Onuň we Atasynyň ady ýazylgy ýüz kyrk dört müň adam bardy.
2 Gökden uly suwuň şaggyldysy ýaly, gaty gök gürrüldisiniň sesi ýaly bir ses eşitdim. Eşiden sesim arfa çalýanlaryň çykarýan sesine meňzeýärdi.
3 Ýaňky ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, janly dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Ýer ýüzünden satyn alnan bu adamlardan başga hiç kim ol aýdymy öwrenip bilmeýärdi.
4 Bular özlerini aýallar bilen hapalamadyklardyr, çünki bular päkdir. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir. Gutulanlaryň ilkinji miwesi hökmünde Hudaýa we Guza ynsanlar arasyndan satyn alnanlar bulardyr.
5 Bularyň agyzlaryndan ýalan söz çykan däldir, Hudaýyň tagty öňünde müýnsüzdirler.
6 Onsoň Gögüň ortasynda uçup ýören başga bir perişdäni gördüm. Bu perişde ýer ýüzünde ýaşaýanlara, her millete we taýpa, her dile we her halka yglan etjek bolup, ebedi Hoş Habary getirýärdi.
7 Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!»
8 Onuň yzyndan gelen ikinji perişde: «Ýykyldy! Öz zyna azgynlygynyň şerabyny ähli milletlere içiren uly Babyl ýykyldy!» diýdi.9-
10 Olaryň yzyndan gelen üçünji bir perişde batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Eger biri janawara we onuň suratyndaky buta sežde etse, maňlaýyna ýa eline onuň tagmasyny kabul etse, Hudaýyň gahar käsesinde hiç bir goşantsyz taýýarlanan Hudaý gazabynyň şerabyndan içer. Ol adam mukaddes perişdeleriň, Guzynyň öňünde ot, kükürt bilen gynalar.
11 Olaryň gynalmagynyň tüssesi ebedi tütär. Janawara, onuň butuna sežde edenler bilen onuň adynyň tagmasyny kabul edenleriň gije-gündiz ynjalygy bolmaz.
12 Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa sadyk galanlaryň çydamy şu ýerde gerekdir».
13 Gökden eşiden bir sesim: «Muny ýaz: mundan beýläk, Rebbe degişli bolup ölenler bagtlydyr!» diýýärdi. Ruh: «Hawa, olar işlerinden dynç alar. Çünki edenleriniň hasylyny özleri bilen äkiderler» diýýär.
14 Onsoň seredip, öňümde bir ak bulut gördüm. Buludyň üstünde başy altyn täçli, eli kesgir orakly ynsan ogluna meňzeş biri otyrdy.
15 Ybadathanadan çykan başga perişde buludyň üstünde oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy uzat-da, or! Orma sagady geldi. Çünki Ýeriň ekini bişipdir».
16 Buludyň üstünde oturan oragyny ýeriň ýüzüne taşlady we Ýeriň ekini oruldy.
17 Gökdäki ybadathanadan başga bir perişde çykdy. Onuň-da kesgir oragy bardy.
18 Oduň üstünden höküm sürýän başga bir perişde-de gurbanlyk edilýän ýerden çykyp gelip, kesgir orakla batly ses bilen: «Sen-de kesgir oragyňy uzat-da, Ýeriň üzüm şahasyndan salkymlaryny ýygna, çünki üzümleri bişipdir» diýdi.
19 Perişde oragyny ýeriň ýüzüne taşlady-da, Ýeriň üzüm şahasynyň hasylyny ýygnap, Hudaý gazabynyň uly gysajyna zyňdy.
20 Gysaçdaky üzümler şäheriň daşynda sykyldy. Üzüm gysajyndan çykan gan müň alty ýüz ok atym aralykda atlaryň uýanyna ýetdi.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22