menýu

Ýewreýlere haty 11 Bap


1 Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr.

2 Atalarymyz Hudaýyň berekellasyny şunuň bilen gazandylar.

3 Biz älemiň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.

4 Habylyň Hudaýa Kabylyňkydan gowy gurban hödürlemegi iman arkaly boldy. Ol iman bilen dogry adam bolup, Hudaýyň berekellasyny gazandy. Çünki Hudaý onuň hödürlän sylaglaryny kabul etdi. Şeýlelikde, Habyl ölen hem bolsa, iman arkaly häzir-de gepleýär.

5 Hanok ölümi görmez ýaly, iman arkaly ýokary alyndy, hiç kim ony tapyp bilmedi. Çünki Hudaý ony ýokary alypdy. Ýokary alynmazyndan ozal, onuň Hudaý tarapyndan halanýanlygyna güwä geçildi.

6 Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir.

7 Iman arkaly Nuh entek görülmedik wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Hudaýdan gorkup, içersiniň gutulmagy üçin bir gämi ýasady. Şonuň bilen dünýä höküm etdi, imana daýanan dogrulygyň mirasdary boldy.

8 Ybraýym iman arkaly miras alan ýurduna gitmäge çagyrylanda, bu söze gulak asyp, nirä barýanyny bilmän ýola düşdi.

9 Ol iman arkaly bir ýat adam hökmünde wada edilen ýurtda ornaşdy. Şol wada şärik mirasdarlar bolan Yshak we Ýakup bilen bile çadyrlarda ýaşady.

10 Çünki ol ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýardy.

11 Sara, ýaşy öten hem bolsa, göwreli bolmaga iman arkaly kuwwat tapdy, çünki ol wada beren Hudaýy ynamdar saýdy.

12 Şeýdip hem täk bir adamdan, özem öli ýaly birinden köplükde Gökdäki ýyldyzlar ýaly, deňiz kenaryndaky çägeler ýaly sansyz-sajaksyz zürýat öndi.

13 Bu adamlaryň bary ölýänçä imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar.

14 Beýle gepleýänler özleriniň bir watan agtarýandygyny açyk görkezýärler.

15 Aslynda olar çykyp gaýdan ýurtlaryny ýatlaýan bolsalar, onda yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy.

16 Emma olar has gowusyny, ýagny asmandaky watany arzuwlaýardylar. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Çünki olar üçin bir şäher taýýarlady.

17 Ybraýym synalanda, iman arkaly Yshagy gurban hökmünde hödürledi.

18 Wadalary alan, hakynda «seniň nesliň Yshak bilen dowam eder» diýlen şol ýalňyz ogluny hödürledi.

19 Ybraýym Hudaýyň ölüleri hem direltmegi başarjagyna pikir etdi, şoňa görä hem alamat şekilinde Yshagy ölümden alyp galdy.

20 Iman arkaly Yshak hem geljek zatlar hakda Ýakup we Ysuwa ak pata berdi.

21 Ýakup ölüp barýarka Ýusubyň ogullarynyň ikisine-de iman arkaly ak pata berdi, hasasynyň başyna söýenip, Hudaýa sežde etdi.

22 Ýusup hem ölüp barýarka, Ysraýyl ogullarynyň Müsürden çykjagyny iman arkaly agzap, öz süňkleri hakda buýruk berdi.

23 Musa doglanda, ene-atasy ony iman arkaly üç aýlap gizlin sakladylar, olar oglanyň görmegeýdigini görüp, patyşanyň permanyndan gorkmadylar.

24 Musa ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy.

25 Ol az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi.

26 Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy.

27 Patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Görünmezi göreni üçin berk durdy.

28 Ilkinji doglanlary öldürýän perişdäniň ysraýyllylara el degirmezligi üçin, Musa iman arkaly Pesah gurbanynyň öldürilmegini, gapylara gan sepilmegini buýurdy.

29 Ysraýyllylar iman arkaly Gyzyl deňizden gurak ýerden geçýän ýaly geçdiler. Müsürliler hem muňa synanyşyp gark boldular.

30 Ysraýyllylar ýedi günläp Erihanyň daşyndan aýlananlaryndan soň, imanlary arkaly diwarlar ýykyldy.

31 Rahaw kemçin içalylary imany arkaly dostlukly garşylany üçin, iman getirmedikler bilen bile heläk bolmady.

32 Başga näme aýdaýyn? Çünki Gideon, Barak, Şimşon, Ýeftah, Dawut, Samuýel we pygamberler hakdakylary aýtmaga wagtym ýeterlik däl.

33 Olar iman arkaly ençeme patyşalygy ýeňdiler, adalaty emele getirdiler, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar.

34 Oduň güýjüni söndürdiler, gylyjyň ýitiliginden gaçyp gutuldylar, ejizlikden güýç aldylar, söweşde kuwwatlanyp, ýat goşunlary derbi-dagyn etdiler.

35 Aýallar direlen ölülerini yzyna aldylar. Beýlekiler bolsa has oňat direlişe ýetjek bolup, boşadylmagy kabul etmän gynaldylar.

36 Birtoparlary hem kemsitmelere, gamçylanmalara sezewar boldy, beýlekiler hem zynjyrlar bilen baglanyp tussag edildi.

37 Olar daşlandylar, byçgylandylar, gynaldylar, gylyçdan geçirilip öldürildiler. Goýun derisini, geçi hamyny geýip sergezdançylyk çekdiler, mätäçlik, muşakgat, horluk gördüler.

38 Dünýä olara laýyk däldi. Olar çöllerde, daglarda, gowaklarda, Ýeriň köweklerinde awara bolup gezdiler.

39 Olaryň bary iman arkaly Hudaýyň berekellasyny gazanan hem bolsa, wada edilen zada gowuşmady.

40 Çünki olar bizden aýry kämillige ýetmez ýaly, Hudaý biziň üçin bir has gowy zady taýýarlapdy.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13