Ýewreýlere haty 12 Bap
1 Ine, bizi gurşap alan şeýle uly güwäler buludynyň barlygyna görä, her hili ýüki, bizi aňsatlyk bilen bürän günäleri taşlap, öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň.
2 Gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän, haçdaky ölüme döz gelip, Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.
3 Aryp, ruhdan düşmez ýaly, günäkärleriň beýle uly garşy durmalaryna çydan Isa hakda oýlanyň.
4 Günä garşy söweşiňizde siz entek ganyňyz dökülýänçä garşylyk görkezmediňiz.
5 Ogullara: «Oglum, Rebbiň terbiýe berşini äsgermezlik etme, Ol saňa käýände ruhdan düşme!» diýip aýdylyşy ýaly, özüňize berlen bu öwüdi-de unutdyňyz.
6 «Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, Ogullyga kabul edenini çalýandyr».
7 Terbiýelenmek ugrunda kynçylyklara çydaýarsyňyz. Hudaý sizi Öz ogly kimin tutýar. Çünki haýsy ogla atasy terbiýe bermeýär?
8 Eger-de her kesiň alýan terbiýesi sizde ýok bolsa, onda siz ogul däl-de, nikasyz doglan oglanlarsyňyz.
9 Mundan başga-da bize terbiýe beren dünewi atalarymyz bardy, biz olary syladyk. Şeýle bolsa, onda ruhlar Atasyna köpräk tabyn bolup ýaşamaly dälmi?
10 Atalarymyz bizi öz oňlaýyşlaryna görä, az salymlyk terbiýelärdiler, ýöne Hudaý Öz mukaddesligine şärik bolmagymyz üçin, biziň haýrymyza terbiýe berýär.
11 Her hili terbiýe berilmek öňürti şatlykly zat däl-de, gaýgyly zat bolup görünýändir. Ýöne bu soňra şeýle ýetişdirilenler üçin dogrulygyň dynçlyk miwesini öndürýändir.
12 Şonuň üçin gowşak elleriňizi galdyryň, epilen dyzlaryňyzy ýazyň!
13 Agsak aýak ýoldan çykman, şypa tapar ýaly, aýaklaryňyz üçin göni ýollar ýasaň.
14 Hemmeler bilen parahatçylykda ýaşamak, mukaddes bolmak üçin tagalla ediň. Mukaddes bolman, hiç kim Rebbi görüp bilmez.
15 Dykgat ediň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum galmasyn. Bir ajy kök gögerip, sizi ynjalyksyz etmesin, köp adamlar munuň bilen hapalanmasyn.
16 Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satan Ysuw ýaly Hudaýa hormatsyz bolmasyn.
17 Siz bilýänsiňiz, ol soňra hem ak patany miras almak isledi, ýöne ret edildi. Ak pata almak üçin gözýaş dökse-de, Onuň kararyny üýtgedip bilmedi.
18 Siz otlar içinde ýanýan, ýöne el degrip bolýan daga, garaňkylyga, tümlüge, harasada,
19 çakylyk surnaýynyň owazyna, söz sözleýän sese golaýlaşan dälsiňiz. Ol sesi eşidenler özlerine ikilenç söz aýdylmasyn diýip ýalbardylar.
20 Çünki daga bir haýwan hem galtaşsa, daşlansyn diýen buýruga çydap bilmediler.
21 Görnüş şeýle gorkunçdy welin, Musa: «Men gaty gorkýaryn, sandyraýaryn» diýipdi.
22 Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan asmana degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňdäki on müňlerçe perişdä, atlary Gökde ýazylan nowbaharlaryň ýygnagyna golaýlaşdyňyz. Hemmäniň kazysy Hudaýa, kämillige ýeten dogry adamlaryň ruhlaryna, täze ähtiň töwellaçysy Isa, Habylyňkydan oňat gepleýän sepiliş ganyna golaýlaşdyňyz.
25 Bulary aýdýany ret etmejek boluň. Çünki olar özlerine ýer ýüzünde duýduryş bereni ret edenlerinde, nähili gaçyp gutulyp bilmedik bolsa, Gökden duýduryş berenden ýüz döndersek, biziň gaçyp gutulmajagymyz has hem aýdyňdyr.
26 Şol wagtlar Onuň sesi Ýeri titredipdi, ýöne Ol indi, «Ýene bir gezek diňe bir Ýeri däl, Gögi-de titrederin» diýip söz berdi.
27 «Ýene bir gezek» diýen söz titremez zatlaryň galmagy üçin, titreýänleriň, ýagny ýaradylan zatlaryň aradan aýryljagyny aňladýar.
28 Şeýlelik bilen, yranmaz patyşalyga gowşanlygymyz üçin şükür edeliň. Şeýdip, Hudaýyň halajak ýoly bilen, takwalyk hem gorky bilen Oňa gulluk edeliň.
29 Çünki Hudaýymyz iýiji otdur.