menýu

Ýewreýlere haty 8 Bap


1 Aýdanlarymyzyň özeni şunda: biziň Gökde, hemmeden Ulynyň tagtynyň sagynda oturyp,

2 Mukaddes ýeriň, ýagny ynsanyň däl-de, Rebbiň guran hakyky çadyrynyň hyzmatyny edýän bir Baş Ruhanymyz bar.

3 Her bir baş ruhany sylaglar hem gurbanlar hödürlemek üçin bellenýär. Bu sebäpden biziň Baş Ruhanymyzyň hem hödürläre bir zady bolmaly.

4 Özi ýer ýüzünde bolan bolsa, Mukaddes Kanun boýunça sylaglary hödürleýänleriň barlygy üçin Ol ruhany bolmazdy.

5 Bular Musa berlen görkezmä görä, asmana degişli zatlaryň nusgasy hem kölegesine hyzmat edýärler. Çünki Musa çadyry gurajak bolup ýörkä, Hudaý oňa: «Ähli zady dagda saňa görkezilen nusga görä etjek bol» diýipdi.

6 Indi bolsa Isa has oňat wadalar üstünde guralan has oňat ähtiň töwellaçysy bolşy ýaly, şonça-da uly gulluga eýe boldy.

7 Ilkinji äht müýnsüz bolan bolsady, onda ikinji gerekli bolmazdy.

8 Çünki Hudaý Öz halkyny müýnli görüp, şeýle diýýär: «Ine Ysraýyl halky bilen, Ýahuda halky bilen täze äht baglaşjak günlerim gelýär. Reb şeýle diýýär.

9 Bu olaryň atalaryny Müsür ýurdundan çykarjak bolup, ellerinden tutan günüm olar bilen baglan ähtim ýaly bolmaz. Çünki olar ähtime bagly bolup galmadylar, Men hem olary indemedim, Reb diýýär.

10 Ol günlerden soň, Reb diýýär, Ysraýyl halky bilen baglajak ähtim ine, şu: Öz kanunlarymy olaryň aňyna berip, bulary ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar.

11 Indi hiç kim öz goňşusyna, hiç kim öz doganyna: Rebbi tanaň diýip öwretmez. Çünki kiçisinden ulusyna çenli, olaryň bary Meni tanar.

12 Olaryň nädogrulyklaryna rehimli bolaryn, günälerini hiç haçan ýada salmaryn».

13 Hudaý «täze äht» diýmek bilen, ilkinjiniň könelendigini görkezýär. Wagty geçen, könelen zat bolsa ýogalmaga golaýdyr.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13