Ýewreýlere haty 3 Bap
1 Şonuň üçin, eý, asmandan gelen çakylyga şärik bolan mukaddes doganlar, biziň ykrar eden imanymyzyň Resuly hem Baş Ruhanysy Isa serediň.
2 Ol Musanyň, Hudaýyň tutuş öýünde sadyk galyşy ýaly, Özüni belläne wepadar galdy.
3 Öýi ýasanyň öýden kän hormat görşi ýaly, Isa-da Musanyňkydan beýik şöhrata mynasyp görüldi.
4 Çünki her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr.
5 Musa geljekde sözlenjek sözlere güwä geçmek üçin, Hudaýyň bütin öýünde bir hyzmatkär bolup sadyk galdy.
6 Emma Mesih Onuň öýüne jogapkär Ogul hökmünde sadykdyr. Batyrlygymyzy, magtanýan umydymyzy soňuna çenli berk saklasak, Onuň öýi bizdiris.
7 Şonuň üçin Mukaddes Ruhuň aýdyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz,
8 çölde synalan günüňizdäki pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň.
9 Atalaryňyz ol ýerde Meni barlap synadylar, kyrk ýyllap Meniň edýänlerimi görüp gezdiler.
10 Şonuň üçin Men bu nesle gaharlanyp: olar elmydam ýüreklerinde azaşýar, Meniň ýollarymy bilmediler diýdim.
11 Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmez! diýip ant içdim».
12 Eý doganlar, habardar boluň, siziň biriňizde diri Hudaýdan daşlaşan imansyzlygyň erbet ýüregi bolaýmasyn.
13 Siziň hiç biriňiziň ýüregiňiz günäniň aldawçylygy bilen gatamaz ýaly, «gün şu gündür» diýilýärkä, her gün biri-biriňizi ruhlandyryň.
14 Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr.
15 Ozal aýdylyşy ýaly, «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, pitnede bolşy ýaly, ýüregiňizi gatatmaň».
16 Onuň sesini eşidip hem pitne turzanlar kimlerdi? Musa arkaly Müsürden çykarylanlaryň hemmesi dälmidi?
17 Hudaý kyrk ýyllap kime gaharlandy? Günä edip, maslyklary çölde serlip galanlara dälmi?
18 Sözüne gulak asmaýanlardan başga Öz dynçlyk ülkesine kimler girmez diýip ant içdi?
19 Biz, imansyzlyk edendikleri üçin, olaryň girip bilmändiklerini görýäris.