Rimlilere haty 1 Bap
1 Isa Mesihiň guly, resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryna saýlanan men Pawlusdan salam!
2 Hudaýyň pygamberleri arkaly Mukaddes Ýazgylarda öňden wada eden ol Hoş Habary
3 Ten boýunça Dawudyň tohumyndan bolup,
4 mukaddeslik ruhy boýunça ölümden direlmegi arkaly Hudaýyň Ogludygy gudrat bilen subut bolan Öz Ogly, Rebbimiz Isa Mesih hakdadyr.
5 Biz Onuň adynyň hatyrasyna bütin milletlerde imana tabynlyk oýarmak üçin Ol arkaly merhemet we resullyk aldyk.
6 Siz hem Isa Mesih tarapyndan çagyrylanlar hökmünde şol milletler arasyndasyňyz.
7 Hudaýyň Rimdäki ähli eý görýänleri we mukaddeslige çagyrylan size Atamyz Hudaý we Reb Isa Mesih merhemet etsin, parahatlyk bersin.
8 Ilki bilen, imanyňyzyň bütin dünýäde yglan edilýänligi sebäpli, baryňyz üçin Isa Mesih arkaly Hudaýyma şükür edýärin.
9 Çünki Hudaýyň islegi bilen ahyrsoňy indi hoşbagtlyk tapyp, bir tär bilen size gelmezmikäm diýip ýalbaryp,
10 elmydam dogalarymda sizi birsyhly ýatlaýanyma Oglunyň Hoş Habarynda ruhum bilen gullugyny edýän Hudaýym güwämdir.
11 Çünki men, berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, sizi görmegi gaty küýseýärin.
12 Islegim özüm araňyzdakam sizde we mende, biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr.
13 Eý doganlar, men beýleki milletler arasynda bolşy ýaly, siziň araňyzda-da hasylym bolsun diýip, ýanyňyza gelmegi telim gezek ýüregime düwenimiň, ýöne şu wagta çenli päsgelçilige gabat gelenimiň size nämälim bolup galmagyny islemeýärin.
14 Men greklere hem warwarlara, akyldarlara hem nadanlara borçludyryn.
15 Şeýlelikde, elimden geleni aýaman, siz Rimdäkilere-de Hoş Habary wagyz etmäge taýyn.
16 Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene, ilki bilen ýehudylara we soňra greklere Hudaýyň gutulma güýjüdir.
17 Çünki: «Dogry adam iman bilen ýaşar» diýip ýazylyşy ýaly, Hoş Habarda Hudaýyň dogrulygy imandan imana aýan bolýar.
18 Sebäbi Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby Gökden aýan bolýandyr.
19 Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir.
20 Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.
21 Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy.
22 Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular.
23 Pany däl Hudaýyň şöhratyny pany adamyň, guşlaryň, dört aýaklylaryň we süýreniji haýwanlaryň suratyna meňzeş zatlara öwürdiler.
24 Şonuň üçin, tenleri öz aralarynda betnam bolsun diýip, Hudaý olary ýürekleriniň haram keýpi içinde pislige tabşyrdy.
25 Olar Hudaýyň hakykatyny galplyga çalşyp, ýaradylana Ýaradandan zyýada hormat hem gulluk etdiler. Ol bolsa baky mübärekdir. Omyn.
26 Şu sebäpden Hudaý olary wejera hyjuwlara tabşyrdy, çünki olaryň aýallary hem teniň tebigy ulanylyşyny tebigy däl ulanyşa öwürdiler.
27 Şonuň ýaly-da, erkekleri aýalyň tebigy ulanylyşyny terk edip, hyjuwlarynda biri-birleri bilen gyzyklandylar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynçylyklaryna laýyk haklaryny hem aldylar.
28 Olaryň öz paýhaslarynda Hudaýy tanamak islemeýişi ýaly, Hudaý hem olary ýerliksiz işleri etmekleri üçin ýaramaz pikirde taşlady.
29 Olar bütin nädogrulyk, zyna, erbetlik, betnebislik, ýamanlyk bilen doly bolup, içigaraçylyk, adam öldürmek, jedel, mekirlik, bethäsiýetlikden doly,
30 gepçi, töhmetçi, Hudaýy ýigrenýän, tekepbir, öwünjeň, erbet zatlary oýlap tapyjy, ata-enä etagatsyz,
31 pähimsiz, wepasyz, tebigy söýgüsiz we rehimsizdir.
32 Olar Hudaýyň beýle işleri edýänler ölüme mynasypdyr diýen adyl hökümini bilseler-de, bu işleri diňe bir etmek bilen çäklenmän, eýsem, olary edýänleri-de halaýarlar.