menýu

Rimlilere haty 5 Bap


1 Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr.

2 Biz içinde duran bu merhemetimize girmegi-de Ol arkaly iman bilen gazandyk. Hudaýyň şöhratyna şärik bolmak umydy bilen magtanýarys.

3 Diňe munuň bilen hem däl, eýsem, muşakgatlar bilen-de magtanýarys, çünki muşakgatyň çydamy,

4 çydamyň tejribäni, tejribäniň hem umydy emele getirýändigini bilýäris.

5 Umyt bolsa utandyrmaz, çünki Hudaýyň söýgüsi bize berlen Mukaddes Ruh arkaly ýüreklerimize guýlandyr.

6 Hawa, biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi.

7 Bir dogry adam ugrunda biriniň ölmegi müşgüldir, ýöne bir oňat adam ugrunda, belki, biri ölmäge ýürek eder.

8 Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi.

9 Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr.

10 Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr.

11 Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen-de magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.

12 Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi.

13 Kanun berilmezden öň hem dünýäde günä bardy, ýöne kanun bolmasa, günä hasaba alynmaz.

14 Emma Adamatadan Musa çenli Geljegiň nusgasy Adamatanyň jenaýatyna meňzeş günä etmedikleriň hem üstünden ölüm höküm sürdi.

15 Ýöne merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir. Sebäbi biriniň tagsyry arkaly köp adamlar ölen bolsa, onda Hudaýyň merhemeti we bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly bolan merhemetdäki sylag köpler üçin has-da artandyr.

16 Sylag bir adamyň gazanan günäsiniň netijesi ýaly däldir. Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmek, ýöne köp günäden bolan merhemet sylagy aklanmak üçin berilýändir.

17 Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer.

18 Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesilişi ýaly, bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi.

19 Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpleriň günäkär ornunda oturdylyşy ýaly, Biriniň boýun bolmagy bilen-de köp adamlar dogry ornunda oturdylar.

20 Kanun günäniň köpelmegi üçin ara girdi.

21 Emma günäniň ölümde höküm sürşi ýaly, merhemet hem Rebbimiz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün diýip, günäniň köpelen ýerinde merhemet has-da artdy.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16