Rimlilere haty 2 Bap
1 Şonuň üçin, eý, höküm edýän adam, sen ötünçsizsiň, çünki başga birini höküm edýän zadyňda özüňe iş kesýänsiň, çünki, eý, höküm edýän, sen şol zatlaryň özüni edýänsiň.
2 Biz bolsak Hudaýyň höküminiň beýle zatlary edýänler barada hakykat esasyndadygyny bilýäris.
3 Eý, beýle işleri edenleri höküm edip-de, özi bu işleri edýän adam, sen Hudaýyň höküminden gaçyp syparyn öýdýärsiňmi?
4 Ýa-da Hudaýyň ýagşylygynyň özüňi toba eltýänini bilmän, Onuň ýagşylygynyň, sabrynyň, çydamynyň baýlygyny äsgermezlik edýärsiňmi?
5 Sen keçjallygyňa, toba gelmez ýüregiňe görä, gazap güni üçin Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň.
6 Hudaý her kişä öz eden işine görä hak berer:
7 ýagşy işde çydamlylyk görkezip, şöhrat, hormat we çüýremezligi agtarýanlara ebedi ýaşaýyş;
8 igenjeň, hakykata boýun bolman, nädogrulyga boýun bolanlara bolsa gazap hem gahar,
9 ilki bilen ýehudylara, soňra greklere, ýamanlyk eden her adama muşakgat we gaýgy;
10 ýagşylyk eden adama hem, ilki bilen ýehudylara, soňra greklere şöhrat, hormat we parahatlyk berer.
11 Sebäbi Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur.
12 Mukaddes Kanuny bolman günä edenler bikanun hem heläk bolar. Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler.
13 Çünki Hudaýyň huzurynda aklanjaklar kanuny diňleýänler däl-de, kanuny berjaý edýänlerdir.
14 Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr.
15 Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen, kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny görkezýändir.
16 Meniň Hoş Habaryma görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününde şu zatlar bolar.
17 Ine, sen ýehudy adyny alyp-da, kanuna guwanýan, Hudaýa buýsanýan bolsaň,
18 kanundan tälim almak bilen, Onuň islegini bilip, iň ýagşy zatlary saýgarýan bolsaň,
19 kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýe bolup, körleriň ýol görkezýäni, tümlükdäkileriň yşygy,
20 nadanlaryň terbiýeçisi, ýaşy ýetmedikleriň mugallymydygyňa öz ynamyň bar bolsa,
21 onda başgasyna tälim berýän sen indi özüňe tälim bermeýärsiňmi? Ogrulyk etmeli däl diýip wagyz edýän sen ogrulyk edýärsiňmi?
22 Zyna etmeli däl diýýän sen zyna edýärsiňmi? Butlary ýigrenji saýýan sen ybadathanany ýarýarsyňmy?
23 Kanuna buýsanýan sen kanuna garşy çykmak bilen, Hudaýa hormatsyzlyk edýärsiňmi?
24 Çünki ýazylyşy ýaly, milletler arasynda Hudaýyň adyna siz zerarly dil ýetirilýär.
25 Kanuny berjaý etseň, sünnetlilik peýdalydyr, eger-de kanuna garşy çyksaň, onda sünnetliligiň eýýäm sünnetsizlige öwrülendir.
26 Şeýle hem bir sünnetsiz kanunyň adyl hökümlerini saklaýan bolsa, onuň sünnetsizligi sünnetlilik hasaplanmazmy?
27 Ten boýunça sünnetsiz bolsa-da, kanuny ýerine ýetirýän adam Ýazga we sünnetlilige eýe bolup, kanuna garşy çykýan seni höküm etmezmi?
28 Sebäbi daşy ýehudy entek ýehudy däl, daşy, teni sünnetli hem entek sünnetli däldir,
29 diňe içi ýehudy ýehudydyr, ýazgyda däl-de, ýüregiň ruhdaky sünnetliligi hakyky sünnetlilikdir. Munuň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.