Rimlilere haty 9 Bap
1 Men Mesihde hakykaty aýdýaryn, ýalan sözlämok. Ynsabym hem aýdýanlaryma Mukaddes Ruhda güwä geçýär.
2 Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar.
3 Men doganlarym, ten boýunça garyndaşlarym bolan ysraýyllylar üçin gargyşa galyp, Mesihden aýra düşmäge razy bolardym.
4 Ogullyk, şöhrat, ähtler we kanunyň berilmesi, hakyky ybadat we wadalar olaryňkydyr.
5 Atalar hem olaryňky, Mesih hem ten boýunça olardandyr. Ol barçanyň baky mübärek Hudaýydyr. Omyn.
6 Emma bu Hudaýyň sözi ýalana çykdy diýmek däldir. Sebäbi Ysraýyldan bolanlaryň bary ysraýylly däldir.
7 Ybraýymyň neslinden bolsalar-da, hemmesi onuň perzendi däldir, ýöne: «Seniň nesliň Yshakda dowam eder» diýlendir.
8 Ýagny ten boýunça Ybraýymyň perzendi bolanlar Hudaýyň perzendi däl, eýsem, wada arkaly perzent bolanlar nesil diýip hasaplanýandyr.
9 Berlen wada bolsa: «Bellenen wagtda gelerin, Saranyň bir ogly bolar» diýen sözdür.
10 Diňe bu hem däl, eýsem, Rebeka-da bir erkekden, atamyz Yshakdan göwreli bolanda,
11 hatda oglanlar entek dogulmankalar, ýagşylyk ýa ýamanlyk etmänkäler, Hudaýyň maksady işlerden däl-de, eýsem, Çagyrandan bolup, saýlawa görä durar ýaly,
12 Rebeka: «Ulusy kiçisine gulluk eder» diýildi.
13 Şonuň ýaly-da: «Ýakuby söýdüm, Ysuwy ýigrendim» diýip ýazylgydyr.
14 Indi näme diýeliň? Eýsem Hudaýyň ýanynda adalatsyzlyk barmy? Ýokdur!
15 Çünki Ol Musa: «Merhemet edenime merhemet ederin, rehim edenime rehim ederin» diýýär.
16 Şeýlelik bilen, saýlanma adamyň islegine ýa tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.
17 Hudaý Mukaddes Ýazgyda fyrowna şeýle diýýär: «Men gudratymy sende görkezip, adym bütin ýer ýüzünde yglan edilsin diýip, seni galdyrdym».
18 Şeýlelikde, Hudaý islänine merhemet edýändir, isläniniň ýüregini gataldýandyr.
19 Sen maňa: «Ýene näme üçin ýazgarýar? Kim Onuň islegine garşy durup biler?» diýersiň.
20 Ýeri, eý adam, Hudaýa ters jogap gaýtarar ýaly, sen kim bolupsyň? Şekil berlen bir zat şekil berene: «Meni näme üçin beýle ýasadyň» diýermi?
21 Ýa küýzegäriň şol bir üýşmek toýundan bir gaby hormatlylyk we beýlekisini hormatsyzlyk üçin ýasamaga ygtyýary ýokmy?
22 Hudaý gazabyny görkezmek, Öz gudratyny bildirmek isläp, heläkçilik üçin taýýarlanyp, gazaba sezewar bolanlara uly sabyr-takat bilen döz gelen bolsa näme?
23 Ol muny Öz şöhratynyň baýlygyny Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine bildirjek bolup eden bolsa näme?
24 Hudaýyň diňe ýehudylardan däl-de, özge milletlerden hem çagyran bu adamlary bizdiris.
25 Hoşeanyň kitabynda-da diýýär: «Men halkym däle halkym, söýülmeýäne söýgüli diýerin».
26 «Bu olara: Siz Meniň halkym däl diýlen ýerde ýüze çykar, şol ýerde-de olara diri Hudaýyň ogullary diýler».
27 Işaýa bolsa Ysraýyl hakda şeýle gygyrýar: «Ysraýyl ogullarynyň sany deňziň çägesi ýaly bolsa-da, diňe galany gutular.
28 Reb işini bitirer, ony tiz ýerine ýetirer, çünki Ol işini ýer ýüzünde tiz amala aşyrar».
29 Işaýanyň öňünden aýdyşy ýaly: «Goşunlar Rebbi bize bir tohum galdyrmadyk bolsa, onda Sodom ýaly bolardyk, Gomorra meňzärdik».
30 Ýene näme diýeliň? Dogrulyga kowalaşmadyk milletler dogrulyga, imandan gelen dogrulyga ýetdiler.
31 Ýöne Ysraýyl dogrulyk kanunyna kowalaşyp, bu kanuna ýetmedi.
32 Näme üçin? Sebäbi iman bilen däl-de, Kanunyň amallary bilen bolýan ýaly edip ýortdy.
33 «Ine, Sionda bir büdreme daşyny, böwet gaýasyny goýýaryn, oňa iman eden utandyrylmaz» diýip ýazylyşy ýaly, büdreme daşyna büdrediler.