Rimlilere haty 10 Bap
1 Eý doganlar, meniň göwün arzuwym, ysraýyllylar hakda Hudaýa ýalbarmagym olaryň gutulmagy üçindir.
2 Men olaryň Hudaýa yhlaslarynyň barlygyna güwä geçýärin, ýöne bu aňly-düşünjeli yhlas däl.
3 Çünki olar Hudaýyň dogrulygyny bilmän, özleriniňkini gurjak bolup, Onuň dogrulygyna tabyn bolmadylar.
4 Çünki Mesih iman eden her bir adamyň aklanmagy üçin kanunyň soňudyr.
5 Çünki Musa kanundan bolan dogrulyk hakda şeýle ýazýar: «Bu zatlary berjaý eden adam olar arkaly ýaşar».
6 Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: «Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar?
7 Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme».
8 Gör, näme diýýär? «Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir», ýagny wagyz edýän iman sözümiz.
9 Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň.
10 Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir.
11 Çünki Mukaddes Ýazgy: «Oňa iman eden kişi utandyrylmaz» diýýär.
12 Ýehudy bilen gregiň arasynda tapawut ýokdur, sebäbi barynyň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.
13 Çünki: «Rebbi çagyran adam gutular».
14 Olar öz iman etmediklerini nähili çagyrarlar? Eşitmediklerine nähili iman ederler? Wagyzçysyz nähili eşiderler?
15 Iberilmeseler, nähili wagyz ederler? Şeýle hem ýazylgydyr: «Parahatlyk hoş habaryny, ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýänleriň aýaklary ne ajap!»
16 Ýöne Hoş Habara hemme kişi gulak asmady. Çünki Işaýa: «Ýa Reb, kim bizden eşiden habaryna iman etdi?» diýýär.
17 Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr.
18 Ýöne men diýýärin: olar eşitmedimi? Elbetde, eşitdi. «Olaryň sesi bütin dünýä, sözleri Ýeriň uçlaryna ýetdi».
19 Emma men diýýärin: Ysraýyl bilmedimi? Ilki bilen Musa diýýär: «Men bir millet bolmadyk halk arkaly siziň gabanjaňlygyňyzy oýandyraryn, bir pähimsiz millet arkaly sizi gaharlandyraryn».
20 Işaýa batyrgaýlyk bilen: «Men özümi agtarmaýanlara tapdyrdym, meni soramaýanlara göründim» diýýär.
21 Ysraýyl hakda bolsa: «Söze gulak asmaz keçjal halka günuzyn ellerimi uzatdym» diýýär.