1 Korintoslylara haty 14 Bap
1 Söýginiň yzynda boluň hem-de ruhy sylaglara, has-da pygamberlik etmäge yhlas ediň.
2 Çünki bilinmeýän dilde gepleýän, adam bilen däl-de, Hudaý bilen gepleşýändir, çünki oňa hiç kim düşünýän däldir, ol syrlary ruh bilen aýdýandyr.
3 Pygamberlik edýän kişi adamlary abatlamak, nesihat we göwünlik bermek üçin gepleýändir.
4 Başga dilde gepleýän özüni abatlaýandyr, ýöne pygamberlik edýän ýygnagy abatlaýandyr.
5 Men siziň hemmäňiziň başga dillerde geplemegiňizi, has-da pygamberlik etmegiňizi arzuw edýärin. Bu dillerde gepleýän ýygnagyň abatlanmagy üçin düşündirmeýän bolsa, onda pygamberlik edýän ondan gowudyr.
6 Eý doganlar, men siziň ýanyňyza baryp, başga dillerde geplesem, ýöne ylham, bilim, pygamberlik ýa taglymatdan gürrüň bermesem, size näme haýrym deger?
7 Ses çykarýan jansyz zatlar, meselem, tüýdük ýa gusli biri-birinden parhly ses çykarmasa, tüýdük ýa gusli bilen näme çalynýandygy nähili bilner?
8 Çünki surnaý hem näbelli ses çykarsa, urşa kim taýýarlanar?
9 Şeýlelikde, siz hem dil arkaly düşnükli gürrüň bermeseňiz, näme aýdýanyňyz nähili bilner? Çünki bu howa gürrüň berdigimiz bolar.
10 Dünýäde dürli-dürli dilleriň bardygy, olaryň hiç biriniň-de manysyz däldigi gürrüňsizdir.
11 Ýöne aýdylana düşünmesem, onda men gepleýäne bigäne, ol hem maňa bigäne bolar.
12 Şeýlelikde, siz hem ruhy sylaglara yhlas edişiňize görä, ýygnagy abatlamak üçin, sylaglara baý bolmaga çalşyň.
13 Şonuň üçin bilinmeýän dilde gepleýän adam ony manylandyrar ýaly doga etsin.
14 Çünki men başga bir dilde doga edýän bolsam, ruhum doga edýändir, ýöne akylym miwesizdir.
15 Näme etmeli? Men ruh bilen doga etjek, ýöne akyl bilen hem doga etjek. Ruh bilen nagma aýtjak, ýöne akyl bilen hem nagma aýtjak.
16 Sebäbi sen ruh bilen alkyş aýtsaň, bilimsiz adamlar seniň şüküriňe nähili «omyn» diýsin? Sebäbi ol seniň näme aýdýanyňa düşünýän däldir.
17 Dogry, sen gowy şükür edýärsiň, ýöne beýleki abatlanmaýar.
18 Men dillerde hemmäňizden köp gepleýänime Hudaýa şükür edýärin.
19 Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwreder ýaly, akylym bilen bäş söz aýtmagy başga dilde on müň söz aýtmakdan gowy görýärin.
20 Doganlar, akylda çaga ýaly bolman, ýamanlykda çaga ýaly bolup, akylda kämil boluň.
21 Reb şeýle diýýär: «Men bu halka başga diller bilen, ýatlaryň agzy bilen gürrüň bererin, şonda-da Meni diňlemezler» diýip Kanunda ýazylgydyr.
22 Şeýlelikde, diller iman edenlere däl-de, iman etmediklere, pygamberlik hem iman etmediklere däl-de, iman edenlere alamatdyr.
23 Bütin ýygnak bir ýere üýşüp, ählisi başga dillerde geplese we bilimsizler ýa-da iman etmedikler içeri girse, olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi?
24 Emma hemmeler pygamberlik etse we bir iman etmedik ýa bir bilimsiz içeri girse, hemmeler tarapyndan ýazgarylyp, hemmeler tarapyndan höküm ediler.
25 Ýüreginiň gizlin syrlary aýan bolup, ýüzin ýykylar, «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda» diýip, Hudaýa sežde eder.
26 Doganlar, indi näme? Bir ýere üýşüşeniňizde, siziň her biriňizde mezmur, tälim, dil, ylham ýa dilleri düşündirme bardyr ― ählisi abatlama üçin bolsun.
27 Kimdir biri bilinmeýän dilde gepleýän bolsa, onda iki ýa-da iň ýokarsy üç adam nobatma-nobat gepläp, biri-de manylandyrsyn.
28 Düşündirýän ýok bolsa, onda ol adam ýygnakda dymyp, özüne we Hudaýa gürrüň bersin.
29 Pygamberleriň hem ikisi ýa üçüsi gürrüň berip, beýlekiler saýgarsynlar.
30 Oturanlardan birine ylham gelse, onda ilkinji dymsyn.
31 Çünki hemmeler öwrenip, hemmeler öwüt alar ýaly, hemmäňiz biri-biriňiziň yzyndan pygamberlik edip bilersiňiz.
32 Pygamberleriň ruhlary pygamberlere tabyndyr.
33 Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr.
34 Ýygnaklarda aýallaryňyz geplemesin, çünki olara geplemäge rugsat edilen däldir. Olar, kanunyň hem aýdyşy ýaly, tabyn bolmalydyrlar.
35 Olar bir zady öwrenjek bolsalar, öýde öz ärlerinden sorasynlar, çünki aýala ýygnakda geplemek aýypdyr.
36 Hudaýyň sözi, eýsem, sizden çykdymy? Ýa diňe size ýetdimi?
37 Özüni pygamber ýa ruhda kämil saýýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň buýrugydygyny aňlasyn.
38 Biri nadanlyk etse, goý, nadanlyk etsin.
39 Şonuň üçin, eý doganlar, pygamberlik etmäge yhlas ediň, başga dillerde geplemegi-de gadagan etmäň.
40 Ýöne herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun.