menýu

1 Korintoslylara haty 5 Bap


1 Siziň araňyzda butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlygyň barlygy eşidilýär: biri öz atasynyň aýalyny alanmyş.

2 Siz bolsa bu işi eden araňyzdan aýrylar ýaly, ýas tutman, gaýtam, gabarýarsyňyz.

3 Men ten bilen siziň ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siz bilendirin. Siziň ýanyňyzda ýaly, bu işi eden adamy men eýýäm höküm etdim.

4 Ruhum araňyzda bolup, Rebbimiz Isa Mesihiň gudraty bilen bir ýere üýşen mahalyňyz,

5 teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň.

6 Magtanmagyňyz dogry däldir. Azajyk hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýanyny siz bilmeýärsiňizmi?

7 Hamyrmaýa täze hamyr bolar ýaly, köne hamyrmaýany aýyryň. Çünki biziň Pesahlyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir.

8 Şonuň üçin köne hamyrmaýa bilen, ýamanlyk we erbetlik hamyrmaýasy bilen däl-de, ak ýürekliligiň, hakykatyň petiri bilen baýram edeliň.

9 Men size hatymda ahlaksyzlar bilen gatnaşyk etmäň diýip ýazdym.

10 Bu dünýäniň, umuman, ahlaksyzlary, açgözleri, talaňçylary ýa butparazlary bilen diýemok, ýogsam, siz bu dünýäden çykmaly bolardyňyz.

11 Ýöne men size dogan diýilýäniň biri ahlaksyz, açgöz, butparaz, agzy paýyş, arakkeş ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy, beýle adam bilen nahar hem iýmezligi ýazýaryn.

12 Çünki meniň daşardakylaryň üstünden höküm çykarmaga näme hakym bar? Siz içerdäkileriň üstünden höküm çykarmaly dälmi?

13 Daşardakylaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Siz ýamany öz araňyzdan çykaryň.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16