1 Korintoslylara haty 2 Bap
1 Eý doganlar, men size Hudaýyň güwäligini wagyz etmäge gelenimde, söz we akyl artyklygy bilen gelemok.
2 Çünki siziň araňyzdakam, Isa Mesihden, Onuň haça çüýlenmeginden başga hiç bir zady bilmezligi ýüregime düwdüm.
3 Men size ejizlik we gorky içinde geldim, gaty-da sandyraýardym.
4 Sözüm hem wagzym ynsan akyldarlygynyň ynandyryjy sözlerine däl-de,
5 siziň imanyňyz ynsan akyldarlygynda durman, Hudaýyň güýjünde durar ýaly, Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine daýanýardy.
6 Biz akyldarlygy kämiller arasynda sözleýäris. Biziň sözleýän bu akyldarlygymyz bu döwrüňki, bu döwrüň geçiji hökümdarlarynyňky däl-de,
7 Hudaýyň zaman başlamazdan öň biziň şöhratymyz üçin bellän gizlin, syrly akyldarlygydyr.
8 Bu akyldarlyga bu döwrüň hökümdarlarynyň hiç biri düşünmedi, çünki düşünen bolsalar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.
9 Emma ýazylyşy ýaly: «Hudaýyň Özüni söýenler üçin taýýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir».
10 Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi, sebäbi, Ruh ähli zady, Hudaýyň çuň pikirlerini-de barlaýandyr.
11 Çünki adamda näme barlygyny adamyň özünde bolan ruhundan başga kim biler? Şeýle hem Hudaýda näme barlygyny Hudaýyň Ruhundan başga hiç kim bilýän däldir.
12 Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň özümize beren bereketlerini biler ýaly, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk.
13 Biz bulary adam akyldarlygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, ruhy zatlary ruhy sözler bilen sözläp, Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys.
14 Tebigy adam Hudaýyň Ruhuna degişli zatlary unamaz, çünki bular onuň üçin akmaklykdyr, bulary bilip bilmez, sebäbi bulara ruh boýunça düşünilýändir.
15 Ruha uýan adam ähli zady saýgarar, ýöne ony hiç kim saýgarmaz.
16 Çünki, «Rebbe öwüt berer ýaly, onuň pikirini kim bildi?» Ýöne bizde Mesihiň pikiri bardyr.