1 Korintoslylara haty 8 Bap
1 Butlara berilýän gurbanlar hakda hemmämiziň bilimimiziň barlygyny bilýäris. Bilim tekepbir edýändir, ýöne söýgi abatlaýandyr.
2 Kim bir zady bilýändirin öýdýän bolsa, onda ol entek bilmelisi ýaly bilýän däldir.
3 Ýöne kim Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý hem ony tanaýandyr.
4 Butlara berlen gurbanlaryň etinden iýilmegi barada bolsa, butuň dünýäde hiçdigini, bir Hudaýdan başga hudaýyň ýokdugyny bilýäris.
5 Çünki Ýerde bolsun, Gökde bolsun, «taňry» diýilýänler näçe bolsa-da, ençeme «taňrylaryň» we ençeme «rebleriň» bolşy ýaly,
6 biziň bir Ata Hudaýymyz bardyr. Hemme zat Ondandyr, biz Onuň üçin ýaşaýandyrys we bir Rebbimiz Isa Mesih bardyr, hemme zat Ol arkaly bolandyr, biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.
7 Emma hemmelerde bu bilim ýok, käbirleri butuň pikirinde bolup, eti entek-de buta berlen gurban ýaly iýýär. Onsoň ejizlikleri zerarly, olaryň ynsaby tegmiltli bolýar.
8 Damak bizi Hudaýa ýakyn edýän däldir. Iýmesek-de kemligimiz bolmaz, iýsek-de artykmaçlygymyz bolmaz.
9 Emma welin bu azatlygyňyzyň ejizleriň büdremegine sebäp bolaýmagyndan habardar boluň.
10 Çünki biri bilimli bolan seniň buthanada saçak başynda oturanyňy görse, ejizligi zerarly, onuň ynsaby butlara berlen gurbanlardan iýmäge meýillenmezmi?
11 Onsoň seniň bilimiň zerarly, bu ejiz dogan heläk bolar, Mesih bolsa onuň ugrunda öldi.
12 Şeýlelikde, siz doganlaryňyza garşy günä edip, olaryň ejiz ynsaplaryny ýaralamak bilen, Mesihe garşy günä edýärsiňiz.
13 Şonuň üçin, damak doganymyň büdremegine sebäp bolýan bolsa, onda men doganymy büdretmez ýaly, asla et iýmerin.