1 Korintoslylara haty 15 Bap
1 Eý doganlar, size Hoş Habary ýatladýaryn. Men ony size wagyz etdim, siz hem ony unap, oňa bagly galdyňyz.
2 Size wagyz eden sözümi tutsaňyz, eden imanyňyz biderek bolmaz, ol arkaly gutularsyňyz.
3 Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi.
4 Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi.
5 Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi.
6 Ondan soň bäş ýüzden köp dogana birden göründi. Bu doganlaryň köpüsi häzir hem diri, käbirleri bolsa öldi.
7 Ondan soň Ýakuba, soň hem bütin resullara göründi.
8 Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi.
9 Çünki men resullaryň iň kiçisi, resul adyny almaga hem mynasyp däldirin, sebäbi men Hudaýyň ýygnagyna azar berdim.
10 Ýöne näme bolsam, Hudaýyň merhemeti arkaly boldum, Onuň maňa görkezen merhemeti biderek bolman, olaryň hemmesinden köp zähmet çekdim. Muny men däl-de, meniň bilen bolan Hudaýyň merhemeti etdi.
11 Indi men bolaýyn, olar bolsun, biz şeýle wagyz edýäris, siz hem şeýle iman getirdiňiz.
12 Mesih direldi diýip wagyz edilýän bolsa, onda siziň araňyzdan käbirleri näme üçin ölüler direlmez diýýär?
13 Ölüler direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir.
14 Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagyz etmegimiz biderek, siziň hem imanyňyz biderekdir.
15 Şeýlelikde, biz Hudaý hakda ýalançy şaýatlar bolarys, çünki biz Hudaý Mesihi direltdi diýip güwä geçdik. Eger ölüler direlmeýän bolsa, Ony-da direlden däldir.
16 Çünki ölüler direlmeýän bolsa, Mesih hem direlen däldir.
17 Mesih direlmedik bolsa, onda siziň imanyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz.
18 Şeýle hem Mesihde imanly bolup ölenler-de heläk bolandyr.
19 Biz diňe bu ýaşaýyşda Mesihe umyt baglan bolsak, onda bütin ynsanlaryň iň bagtygarasydyrys.
20 Emma Mesih ölüleriň ilkinji miwesi bolup ölümden direldi.
21 Çünki ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi.
22 Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter.
23 Ýöne her kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler.
24 Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar.
25 Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir.
26 Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir.
27 Çünki hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edendir. Ýöne ähli zat Oňa tabyn edildi diýlende, her zady Oňa tabyn etdiren Hudaýyň aýratynlyk gazanýanlygy äşgärdir.
28 Emma ähli zat Oňa tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar.
29 Ýogsa, ölüler üçin çokundyrylanlar näme eder? Ölüler asla direlmeýän bolsa, onda nämä olar üçin çokundyrylýarlar?
30 Nämä biz häli-şindi howp astyna girýäris?
31 Eý doganlar, siz barada Rebbimiz Mesih Isada bolan magtanjyma kasam, men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn.
32 Eger bir adam ýaly oýlanyp, Efesosda ýabany haýwanlar bilen uruş eden bolsam, maňa näme peýdasy bar? Ölüler direlmeýän bolsa, onda iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris.
33 Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr.
34 Dogrulyk bilen hüşgär boluň, günä etmäň, çünki siziň käbirleriňiz Hudaýy tanamaýar. Men muny siziň utanmagyňyz üçin aýdýaryn.
35 Emma biriniň: «Ölüler nähili direler? Haýsy ten bilen geler?» diýmegi mümkindir.
36 Eý akmak! Seniň ekýän zadyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz.
37 Sen ekeňde gögermeli bütin ösümligi däl-de, diňe tohumyny, bugdaý ýa başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň.
38 Ýöne Hudaý oňa Öz isleýşi ýaly, bir ten, her tohumyň öz tenini berýär.
39 Hemme et bir et däldir, ynsan eti başga, haýwan eti başga, guşlaryň eti başga, balyklaryň eti bir başgadyr.
40 Asmana degişli tenler hem dünewi tenler bardyr, ýöne asmana degişlileriň şöhraty başga, dünewileriňki başgadyr.
41 Günüň şöhraty başga, Aýyň şöhraty başga we ýyldyzlaryň şöhraty başgadyr, çünki şöhratda ýyldyz hem ýyldyzdan parhlydyr.
42 Ölüleriň direlmegi-de şeýledir. Ten çüýremede ekilip, çüýremezlikde galýandyr;
43 harlykda ekilip, şöhratda galýandyr, ejizlikde ekilip, kuwwatda galýandyr;
44 tebigy ten ekilip, ruhy ten galýandyr. Tebigy ten bar bolsa, ruhy ten hem bardyr.
45 Şeýle-de ýazylgydyr: «Ilkinji ynsan Adam ýaşaýan jan boldy», ýöne soňky Adam ýaşaýyş berýän ruh boldy.
46 Emma ruhy bolan däl-de, tebigy bolan ilkinjidir, ruhy bolan soň gelendir.
47 Ilkinji adam ýerden, toprakdandyr, ikinji adam bolsa Gökden inen Rebdir.
48 Toprakdan bolan adam nähili bolsa, topraga degişliler hem şeýledir. Gökden inen nähili bolsa, Göge degişliler hem şeýledir.
49 Biz toprakdan bolanyň keşbini nähili göteren bolsak, Gökden ineniň keşbini hem şeýle götereris.
50 Ýöne, eý doganlar, men et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýänini, şeýle hem çüýreýäniň-de çüýremezlikden paý alyp bilmeýänini aýdýaryn.
51 Ine, size bir syry paş edeýin. Biziň hemmämiz öljek däl, soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediljekdiris.
52 Çünki surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris.
53 Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir.
54 Bu çüýreýän çüýremezlik, bu ölümli ölmezlik donuny geýende, «ölüm ýeňişde ýuwduldy» diýen söz ýerine ýeter.
55 «Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý, ölüler diýary, hany seniň ýeňşiň?»
56 Ölümiň tikeni günädir, günäniň güýji bolsa kanundyr.
57 Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür!
58 Şonuň üçin, eý söýgüli doganlar, elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz.