1 Korintoslylara haty 4 Bap
1 Şeýlelikde, adamlar bizi Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlarynyň wekilleri hasap etmelidir.
2 Wekilleriň her birinden bolsa sadyklyk talap edilýär.
3 Siziň ýa-da adamlaryň diwanynyň üstümden höküm çykarmagy meniň üçin möhüm zat däl, ýöne özüm hem öz üstümden höküm çykarmaýaryn.
4 Çünki men özümde bir aýyp görmeýärin, ýöne munuň bilen özümi aklamaýaryn. Meniň üstümden höküm çykarýan Rebdir.
5 Şonuň üçin Reb gelýänçä, wagtyndan öň hiç bir zadyň üstünden höküm çykarmaň. Ol garaňkylygyň gizlin zatlaryny ýagtyldar, ýürekleriň niýetlerini aýan eder, şol wagt her kes Hudaýdan özüne laýyk tarypyny alar.
6 Eý doganlar, siz ýazylanlardan artyk pikir etmezligi bizden öwrenip, hiç biriňiz beýlekiniň öňünde gabarmaz ýaly, men bu zatlary siz sebäpli özüme hem Apollosa tymsal edip aýtdym.
7 Çünki kim seni beýlekilerden parhly edýär? Almadyk nämäň bar? Alan bolsaň, almadyk ýaly, öwünmäň näme?
8 Siz eýýäm doýup, eýýäm baýadyňyz, bizsiz höküm sürdüňiz. Dogrudan hem, biz-de siz bilen höküm sürer ýaly, käşgä höküm sürsediňiz!
9 Çünki Hudaý biz resullary ölüme bellenenler ýaly soňkular hökmünde orta çykarandyr öýdýärin, sebäbi biz dünýä, perişdelere we adamlara tomaşa bolduk.
10 Biz Mesihiň hatyrasyna akmakdyrys, ýöne siz Mesihde akyllysyňyz. Biz ejiz, siz güýçli, siz şöhratly, biz äsgerilmedikdiris.
11 Biz şu çaka çenli açlyga, suwsuzlyga, ýalaňaçlyga, ýenjilmäge, sergezdanlyga döz gelip ýörendiris.
12 Öz ellerimiz bilen işläp, zähmet çekýäris, sögülenimizde, haýyr-doga edýäris, azar berlende çydaýarys.
13 Myjabat ýapylanda, mylaýym jogap berýäris. Şu çaka çenli dünýäniň syr-süplügi, hemmäniň zir-zibili bolduk.
14 Men bu zatlary sizi utandyrmak üçin ýazamok, size söýgüli balalarym hökmünde nesihat berýärin.
15 Mesihde on müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, köp ataňyz ýokdur, sebäbi Mesih Isada Hoş Habar arkaly men siziň ataňyz boldum.
16 Şoňa görä-de, maňa öýküniň diýip, sizden haýyş edýärin.
17 Rebbe sadyk bolan söýgüli oglum Timoteosy şu maksat bilen size iberýärin. Ol meniň Mesih Isadaky ýollarymy her ýerde, her ýygnakda öwredişim ýaly, siziň ýadyňyza salar.
18 Hamala, men size gelmejek ýaly, käbirleri gabarýan eken.
19 Reb islese, basym size gelip, gabarýanlaryň sözüni däl-de, güýjüni görerin.
20 Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy sözde däl-de güýçdedir.
21 Siz näme isleýärsiňiz? Ýanyňyza taýak bilen baraýynmy ýa-da söýgüdir ýumşaklyk ruhy bilen?