Lukanyň Hoş Habary 17 Bap
1 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlaryň günä etmegine sebäp bolýan zatlaryň gelmezligi mümkin däl, ýöne olary getiren adamyň gününe waý!
2 Bu çagalaryň biriniň günä etmegine sebäp bolmakdan boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanmak onuň üçin oňat bolardy.
3 Habardar boluň! Doganyň günä etse, oňa käýe, toba etse, ony bagyşla.
4 Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä etse, ýedi gezek-de ýanyňa gelip: „Toba edýärin!" diýse, ony bagyşla».
5 Resullar Rebbe: «Biziň imanymyzy köpelt!» diýdiler.
6 Reb şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Şu ýerden goparyl-da, deňizde göger!" diýsediňiz, ol size gulak asar.
7 Emma sizden kim ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäri bolup, ol düzden öýe gelende: „Tiz gel-de, saçak başyna geç" diýer?
8 Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa gulluk et, sen onsoň iýip-içersiň" diýmezmi?
9 Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? Güman etmeýärin.
10 Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz dereksiz hyzmatkärlerdiris, biz diňe öz wezipämizi berjaý etdik" diýiň».
11 Isa Iýerusalime tarap barýarka, Samariýa bilen Jelile arasyndaky serhediň boýy bilen gitdi.
12 Baryp bir oba girende, Oňa endamy pis açan on adam sataşdy. Olar daşda durup,
13 gaty ses bilen: «Isa Ussat, bize rehim et!» diýdiler.
14 Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden gutuldylar.
15 Olaryň biri sagalanyny görende, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp yzyna öwrüldi.
16 Ol Isanyň aýagyna ýüzin ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy.
17 Isa şeýle diýdi: «Keselden gutulanlar on dälmidi? Galan dokuzy hany?
18 Bu ýat adamdan başga yzyna öwrülip, Hudaýy şöhratlandyran bolmadymy?»
19 Onsoň oňa: «Tur, git, imanyň seni halas etdi» diýdi.
20 Fariseýler Hudaýyň Patyşalygynyň haçan geljegini ondan soranlarynda, Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýyň Patyşalygy ne göze görnüp geler,
21 ne-de „Ine, bu ýerde!" ýa-da „Ine, ol ýerde!" diýerler. Çünki Hudaýyň Patyşalygy siziň içiňizdedir».
22 Onsoň şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz gelýär, ýöne ony görmersiňiz.
23 Size: „Ine, şu ýerde" ýa-da „Ine, ol ýerde" diýerler. Gitmäň, olaryň yzyna düşmäň!
24 Çünki ýyldyrym Gögüň bir ujundan çakyp, ol ujuny-da nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar.
25 Ýöne Ol öňürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir.
26 Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar.
27 Adamlar Nuhuň gämä münen gününe deňeç iýýär, içýär, öýlenýär we äre çykýardylar. Soň tupan turup, hemmesini dargatdy.
28 Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýýär, içýär, alýar, satýar, ekýär we dikýärdiler.
29 Emma Lutuň Sodomdan çykan güni Gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini dargatdy.
30 Ynsan Oglunyň görünjek gününde hem şeýle bolar.
31 Şol gün özi öýüň üçeginde bolup, zatlary öýüň içinde bolan adam olary aljak bolup, aşak inmesin. Şonuň ýaly, ekin meýdanyndaky hem yzyna öwrülmesin.
32 Lutuň aýalyny ýada salyň!
33 Kim janyny saklamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony diri saklar.
34 Size aýdýaryn: ol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.
35 Bilelikde galla üweýän iki aýal bolar, biri alnar, ol biri goýlar.
36 Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar».
37 Oňa ýüzlenip: «Ýa Reb, nirede?» diýdiler. Ol hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşüşýändir» diýip jogap berdi.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24