menýu

Lukanyň Hoş Habary 24 Bap


1 Hepdäniň ilkinji güni ertir ir bilen aýallar taýýarlan ýakymly ysly ýaglaryny alyp, mazara bardylar; ýanlarynda başga aýallar hem bardy.

2 Ine, mazaryň agzyndaky daş bir çete togalanan eken.

3 Olar içerik girenlerinde, Reb Isanyň jesedini tapmadylar.

4 Muňa geňirgenişip durkalar, birdenkä, garşylarynda ýalkym salýan eşikli iki sany adam peýda boldy.

5 Aýallar gorkup, ýüzlerini ýere egenlerinde, ýaňky adamlar olara şeýle diýdiler: «Siz näme üçin dirini ölüleriň arasyndan gözleýärsiňiz?

6 Ol bu ýerde däl, direldi! Onuň entek Jeliledekä size aýdanlaryny ýatlaň.

7 Ol: „Ynsan Ogly günäkär adamlara tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli, ölenden üç günden soň direlmelidir" diýipdi».

8 Onsoň Isanyň bu sözleri olaryň ýatlaryna düşdi.

9 Aýallar mazardan öwrülip gelip, bularyň baryny Onbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler.

10 Resullara bu habary ýetirenler Magdalaly Merem, Ýuhanna, Ýakubyň ejesi Merem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.

11 Bu sözler resullaryň göwnüne manysyz geldi, olar aýallaryň gepine ynanmadylar.

12 Onsoň Petrus turup, mazara ylgady-da, egilip, kepen matalaryň boş ýatanyny görende, bolan waka geňirgenip, yzyna gaýtdy.

13 Ine, şol gün olaryň ikisi Emmaus diýen oba barýardy. Bu obanyň Iýerusalimden on bir kilometre golaý aralygy bardy.

14 Olar bolan bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler.

15 Şeýlelikde, gürleşip, pikir alşyp barýarkalar, Isanyň Özi ýakyna gelip, olar bilen bile ýöräberdi.

16 Ýöne Ony tanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy.

17 Isa olardan sorady: «Bu barşyňyza näme hakda gürrüň edişýärsiňiz?» Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler.

18 Olaryň Kleopas atlysy: «Iýerusalimde bolup-da, şu günler ol ýerde bolan wakalary bilmeýän keseki ýeke Senmi?» diýdi.

19 Isa olardan: «Haýsy wakalary?» diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalary. Ol Hudaýyň we bütin halkyň ýanynda sözde hem işde güýçli pygamberdi.

20 Baş ruhanylar bilen başlyklarymyz ölüm jezasy berilsin diýip, Ony häkime tabşyrdylar, haça çüýlediler.

21 Biz Ysraýyly halas etjek Şoldur diýip umyt ederdik. Mundan başga hem, bu zatlaryň bolanyna üç gün boldy.

22 Üstesine-de, aýallarymyzyň käbiri hem bizi geňirgendirdi. Olar şu gün ir bilen mazara baryp,

23 Onuň jesedini tapmandyrlar. Gelip, gözlerine perişdeleriň görnenini aýtdylar. Perişdeler Oňa diri diýýärmiş.

24 Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp, ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler, ýöne Isany görmändiler».

25 Isa olara şeýle diýdi: «Eý akmak adamlar, pygamberleriň ähli aýdanlaryna giç ynanýanlar!

26 Mesih bu görgüleri görüp, şöhratyna girmeli dälmidi?»

27 Onsoň Musa bilen ähli pygamberlerden başlap, hemme Mukaddes Ýazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi.

28 Olar barýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderli göründi.

29 Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzda galaý, çünki agşam golaýlap, Gün ýaşyp barýar» diýdiler. Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy.

30 Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.

31 Şonda olaryň gözleri açylyp, Ony tanadylar, emma Ol gözlerinden gaýyp boldy.

32 Olar biri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» diýişdiler.

33 Turup, şol sagadyň özünde Iýerusalime öwrüldiler. Görseler, on bir resul bilen olaryň ýanyndakylar üýşüşip oturan eken.

34 Bular: «Çyn! Reb direlipdir, Simuna görnüpdir» diýişýärdiler.

35 Onsoň olar-da ýolda bolan wakalary, Isa çöregi bölende, Ony tanandyklaryny aýtdylar.

36 Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Özi ortalarynda durup: «Size parahatlyk!» diýdi.

37 Olar ruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler.

38 Isa olara şeýle diýdi: «Näme üçin aljyraşýarsyňyz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?

39 Meniň ellerime, aýaklaryma serediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň. Ruhuň et bilen süňki bolmaz, ýöne siziň görşüňiz ýaly, Meniňki bar».

40 Muny aýdyp, ellerini, aýaklaryny olara görkezdi.

41 Olar şatlykdan ýaňa entek ynanman, geňirgenişip durkalar, Isa olara: «Bu ýerde iýmäge bir zadyňyz barmy?» diýdi.

42 Oňa bişirilen balygyň bir bölegi bilen biraz bal berdiler.

43 Isa alyp, olaryň gözleriniň alnynda ony iýdi.

44 Olara şeýle diýdi: «Men hakda Musanyň Kanunynda, pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň bary berjaý bolmalydyr diýip, entek siziň ýanyňyzdakam aýdan sözlerim şulardyr».

45 Onsoň Ýazgylara düşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy.

46 Isa olara şeýle diýdi: «Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir.

47 Iýerusalimden başlap, bütin milletler günäleriň geçilmegi üçin, Onuň adyndan toba çagyryljakdyr.

48 Siz bu zatlara şaýat bolarsyňyz.

49 Ine, Men Atamyň wada edenini size ýollaryn. Siz özüňize ýokardan güýç geýdirilýänçä, Iýerusalim şäherinde boluň».

50 Onsoň olary daşaryk çykaryp, Beýtaniýanyň golaýyna getirdi, ellerini galdyryp, olara ak pata berdi.

51 Ak pata berip durşuna olardan aýrylyp, Göge göterildi.

52 Olar hem Oňa sežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime tarap öwrüldiler.

53 Elmydama ybadathanada bolup, Hudaýa öwgi aýdyp, alkyş okaýardylar. Omyn.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24