Lukanyň Hoş Habary 20 Bap
1 Günleriň birinde Isa ybadathanada halka sapak berip, Hoş Habary wagyz edip otyrka, baş ruhanylar, kanunçylar we ýaşulular Onuň üstüne gelip,
2 Oňa: «Bize aýt, göreli, Sen haýsy ygtyýar bilen bu zatlary edýärsiň? Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler.
3 Ol şeýle diýdi: «Men-de sizden bir zat sorajak. Maňa aýdyň, göreýin,
4 Ýahýanyň çokundyrmasy Gökdenmidi ýa-da ynsandan?»
5 Olar hem özara pikir alşyp, şeýle diýişdiler: «Eger: „Gökden" diýsek, Ol bize: „Onda, näme üçin oňa iman getirmediňiz?" diýer.
6 Eger-de: „Ynsandan" diýsek, bütin halaýyk bizi daşlar, çünki Ýahýanyň pygamberdigine halkyň ynamy bar».
7 Şeýlelikde: «Biz onuň niredendigini bilmeýäris» diýip jogap berdiler.
8 Isa hem: «Men-de size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýtmaryn» diýdi.
9 Soňra halka şu tymsaly aýtmaga durdy: «Bir adam üzümlik gurap, ony bagbanlara ekerine berip, uzak wagtlaýyn ýola gidýär.
10 Möwsümi gelende, üzümligiň miwesinden bersinler diýip, bagbanlara bir hyzmatkärini iberýär. Emma bagbanlar ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.
11 Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, bagbanlar ony-da ýenjip, biabraý edip, boş kowup goýberýärler.
12 Ol üçünjini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap, daşaryk taşlaýarlar.
13 Onsoň üzümligiň eýesi: „Men näme etmeli? Gel, öz söýgüli oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar" diýýär.
14 Bagbanlar bolsa ony görenlerinden, özara pikir alşyp: „Mirasdar şu, şuny öldüreliň, miras bize galar" diýişýärler.
15 Şeýlelikde, ony-da üzümlikden daşaryk taşlaýarlar we öldürýärler. Indi üzümligiň eýesi bulara näme eder?
16 Ol gelip bu bagbanlary heläk eder-de, üzümligi başgalaryna berer». Halk muny eşidip: «Hernä, beýle bolmasyn!» diýdi.
17 Isa olara bakyp, şeýle diýdi: «Onda, „Ussalaryň ret eden daşy, burçuň başy boldy" diýen ýazgynyň manysy näme?
18 Kim bu daşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar, ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar».
19 Kanunçylar bilen baş ruhanylar Ony şol sagatda tutmagyň ýoluny agtardylar, çünki bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Ýöne halkdan gorkýardylar.
20 Ony göz astyna aldylar we gepde tutup, häkimiň höküm hem ygtyýaryna bersinler diýip, dogrusyraýan birnäçe içalyny Onuň yzyna saldylar.
21 Şeýlelikde, içalylar Oňa sorag berip, şeýle diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogry zady aýdyp öwredýäniňi, adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýäniňi bilýäris.
22 Biziň kaýsara salgyt tölemegimiz dogrumy ýa dälmi?»
23 Isa olaryň hilesine düşünip:
24 «Maňa bir dinary görkeziň. Onuň ýüzündäki surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi. Olar: «Kaýsaryňky» diýip jogap berdiler.
25 Ol: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.
26 Olar halkyň ýanynda Ony sözünde tutup bilmän, beren jogabyna geňirgenişip, seslerini çykarmadylar.
27 Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýleriň käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler:
28 Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany zürýatsyz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir diýip ýazypdyr.
29 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp, zürýatsyz öldi.
30 Ikinjisi we üçünjisi hem şol aýaly aldy.
31 Şeýdip, ýedisi hem yzlarynda zürýat galdyrman öldüler.
32 Ahyrsoňy aýal hem öldi.
33 Indi ölüler direlende, bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki ýedisi hem ony aýal edinipdiler».
34 Isa olara şeýle diýdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, äre çykýandyr.
35 Ýöne ol döwre, ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de äre çykar.
36 Artykmaç, ölüp hem bilmez, çünki olar perişdeler ýalydyr. Direlişiň ogludyklary üçin Hudaýyň ogludyrlar.
37 Musa-da ölüleriň direlýändigini ýanan çaly baradaky bapda görkezýär. Ol şol ýerde Rebbi „Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy" diýip atlandyrýar.
38 Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, çünki Onuň ýanynda hemmeler diridir».
39 Kanunçylaryň käbirleri: «Mugallym, gowy aýtdyň!» diýdiler.
40 Oňa gaýtadan sorag bermäge ýürek etmediler.
41 Onsoň Isa olara diýdi: «Nämüçin Mesih Dawudyň Ogludyr diýýärler?
42 Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär: „Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm,
43 Meniň sagymda otur".
44 Dawut Oňa Reb diýýär. Ol nähili onuň ogly bolýar?»
45 Bütin halk Oňa gulak asyp otyrka, Isa şägirtlerine şeýle diýdi:
46 Kanunçylardan ägä boluň! Olar uzyn geýimler geýnip gezmegi halaýandyr, bazar ýerinde salam almagy, sinagogalarda baş kürsüleri, zyýapatlarda töri halaýandyr.
47 Olar dul hatynlaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyr. Bular has agyr jeza sezewar bolar».
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24