Lukanyň Hoş Habary 18 Bap
1 Hemişe doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda hem Isa Öz şägirtlerine bir tymsal aýtdy:
2 Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary äsgermeýän bir kazy bar eken.
3 Şol şäherde bir dul hatyn hem bar eken. Ol gelip: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber" diýýär.
4 Kazy birnäçe wagtlap etmeýär. Soň bolsa öz-özüne şeýle diýýär: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de,
5 üznüksiz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul hatynyň hakyny alyp bereýin. Çünki maňa köp ezet berýär"».
6 Reb şeýle diýdi: «Adalatsyz kazynyň aýdýanyna gulak asyň.
7 Hudaý gije-gündiz Özüne ýüz tutup, perýat edýän saýlananlarynyň hakyny almazmy? Olaryň hakyny almagy gijikdirermi?
8 Size diýýärin: haklaryny tiz alar. Emma Ynsan Ogly gelende ýeriň ýüzünden iman taparmy?»
9 Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly aýtdy:
10 Iki adam doga etjek bolup, ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, biri-de salgytçy eken.
11 Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edýär: „Eý Hudaý! Men başga adamlar kimin talaňçy, egri, zynagär we bu salgytçy ýaly-da däldigime şükür edýärin.
12 Men hepdede iki gezek oraza tutýaryn, bütin girdejimden zekat berýärin".
13 Salgytçy bolsa daşda durýar. Ol gabagyny Göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, ýöne gursagyna urup: „Eý Hudaý! Men günäkäre rehim et!" diýýär.
14 Size aýdýaryn, fariseý däl, şu adam aklanyp, öýüne gidýär, çünki her kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler».
15 Kiçijik çagalara elini degirsin diýip, olary Isanyň ýanyna getirýärdiler. Şägirtleri muny görenlerinde olara käýediler.
16 Emma Isa olary ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.
17 Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez».
18 Bir başlyk Ondan: «Ýagşy Mugallym! Men ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady.
19 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Bir Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir.
20 Sen tabşyryklary bilýänsiň: zyna etme, adam öldürme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme, ataňy, eneňi syla».
21 Ol: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi.
22 Isa muny eşidende oňa: «Seniň ýene bir zadyň kem. Nämäň bar bolsa, baryny sat-da, garyplara paýla, Gökde hazynaň bolar. Onsoň gel, Meniň yzyma düş» diýdi.
23 Ol bu sözleri eşidende, gaty tukat boldy, çünki çakdanaşa baýdy.
24 Isa onuň tukatlygyny görüp, şeýle diýdi: «Barlylara Hudaýyň Patyşalygyna girmek nähili çetin!
25 Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi, barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».
26 Muny eşidenler: «Onda kim gutulyp biler?» diýdiler.
27 Ol: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar, Hudaý üçin mümkindir» diýdi.
28 Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük» diýdi.
29 Isa olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da oglan-uşagyny taşlap,
30 bu zamanda köp essesini we geljek döwürde ebedi ýaşaýşy almajak ýokdur».
31 Isa on iki şägirdi çete çekip, şeýle diýdi: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan Ogly hakda pygamberler arkaly ýazylanlaryň hemmesi berjaý bolar!
32 Çünki Ol milletlere tabşyrylar. Olar Oňa gülerler, masgaralarlar, Onuň üstüne tüýkürerler we Ony gamçylap öldürerler.
33 Ýöne ölenden üç günden soň Ol direler».
34 Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenipdi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
35 Isa Eriha golaýlanda, ýoluň kenarynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy.
36 Ol halaýygyň gapdalyndan geçip barýanyny eşidip: «Bu näme?» diýip sorady.
37 Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler.
38 Ol hem: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
39 Öňden barýanlar sesini çykarmasyn diýip, oňa käýediler, ýöne ol öňküden hem gaty: «Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy.
40 Isa durdy-da, ol adamy getirsinler diýip, buýruk berdi. Ol golaý gelende, Isa ondan:
41 «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb! Gözüm görsün» diýdi.
42 Isa oňa: «Gözüň görsün! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi.
43 Onuň gözleri derrew görensoň, Hudaýy şöhratlandyrdy-da, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Bütin halaýyk muny görüp, Hudaýa alkyş okady.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24