Lukanyň Hoş Habary 9 Bap
1 Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip,
2 olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady.
3 Olara şeýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek.
4 Haýsy öýe barsaňyz, şol ýerde galyp, şol ýerden hem ýola çykyň.
5 Sizi nirede kabul etmeseler, şol şäherden çykyp barýarkaňyz, olara güwälik bolar ýaly, aýagyňyzyň tozuny kakyň».
6 Olar-da ýola düşüp, obama-oba aýlandylar, Hoş Habary yglan edip, hemme ýerde şypa berdiler.
7 Tetrarh Hirodes bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Çünki käbirleri: «Ýahýa ölümden direlipdir»,
8 käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr», başgalary hem: «Gadym pygamberleriň biri direlipdir» diýişýärdiler.
9 Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyň başyny kesdim, ýöne bu habarlaryny eşidýän Adamym kimkä?» diýip, Ony görjek bolýardy.
10 Resullar yzlaryna öwrülip gelenlerinde, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi.
11 Halaýyk muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Patyşalygy hakda gürrüň berip, şypa mätäçleri sagaltdy.
12 Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Halky goýber, töwerekdäki obalara, meýdanlara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar. Çünki biz bir çola ýerde».
13 Emma Ol: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Olar hem: «Gidip, bütin bu halaýyga iýmit satyn almasak, biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler.
14 Sebäbi olar bäş müňe golaý adamdy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar bölüň-de oturdyň» diýip tabşyrdy.
15 Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar.
16 Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp, olar üçin şükür etdi-de, halka paýlar ýaly, bölüşdirip, şägirtlerine berdi.
17 Hemmeler iýip doýdy, artyp galan çöregiň döwümlerini bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.
18 Bir gün Isa ýekelikde doga edýärdi, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady.
19 Olar şeýle jogap berdiler: «Çokundyryjy Ýahýa diýýärler. Käbirleri-de Ylýas, käbirleri hem gadym pygamberleriň biri direlipdir diýýär».
20 Olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýdi.
21 Isa bolsa muny hiç kime aýtmaň diýip, olara berk tabşyrdy.
22 Ol ýene şeýle diýdi: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden soň direlmelidir».
23 Hemmelere şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün.
24 Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder.
25 Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, özüni ýogaltsa ýa özüne zyýan ýetirse, oňa näme peýdasy bar?
26 Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar.
27 Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygyny görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar».
28 Bu sözleri aýdanyndan sekiz güne golaý wagt geçensoň, Isa Petrusy, Ýahýany we Ýakuby ýanyna alyp, doga etmäge daga çykdy.
29 Doga edip otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy ýaldyrap agardy.
30 Ine, iki adam Onuň bilen gürrüň edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy.
31 Olar şöhrat bilen peýda bolup, Onuň Iýerusalimde amala aşjak aýrylyşy hakda gürrüň edýärdiler.
32 Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, ýöne ukudan açylanlarynda, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler.
33 Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini bilmän Oňa: «Ussat, Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa» diýdi.
34 Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olara kölege saldy. Olar buluda girenlerinde gorkdular.
35 Bulutdan: «Meniň söýgüli Oglum Bu! Ony diňläň» diýen owaz geldi.
36 Bu owaz gelen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler.
37 Şol günüň ertesi dagdan inenlerinde, bir uly märeke Isany garşylady.
38 Märekäniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Saňa ýalbarýaryn, meniň ogluma bir seret, çünki ol meniň ýalňyz çagam.
39 Ine, ony bir ruh tutýar-da, çaga birden çygyrýar. Ruh silterläp, onuň agzyndan ak köpük getirip, pagyş-para edenden soň, ondan zordan aýrylýar.
40 Ony çykarmaklary üçin, Seniň şägirtleriňe ýalbardym, ýöne olar başarmadylar».
41 Isa oňa: «Eý, ýoldan çykan imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi.
42 Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwaha käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy.
43 Hemmeler Hudaýyň beýikdigine geň galdylar. Hemmeler Isanyň bütin işlerine geň galyşyp durkalar, Ol Öz şägirtlerine:
44 «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsan eline berler» diýdi.
45 Emma olar bu söze düşünmediler. Söz olar akyl ýetirmez ýaly ýaşyryndy, olar hem bu barada Isadan soramaga çekindiler.
46 Şägirtleriň arasynda olaryň haýsynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy.
47 Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy.
48 Onsoň olara şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar».
49 Ýahýa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň bilen birlikde Seniň yzyňa eýerenok».
50 Isa oňa: «Ony bökdemäň! Çünki kim size garşy bolmasa, siziň tarapdaryňyzdyr» diýdi.
51 Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi.
52 Ol Özünden öň birnäçe çapary ýollady. Olar hem Oňa taýýarlyk görmek üçin baryp, samariýalylaryň bir obasyna girdiler.
53 Emma Ony ol ýerde kabul etmediler, çünki ugry Iýerusalime tarapdy.
54 Şägirtleri Ýakup bilen Ýahýa muny görüp: «Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasyň edişi ýaly, Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýdiler.
55 Isa öwrülip, olara käýedi: «Siz haýsy ruhdandygyňyzy bilmeýärsiňiz.
56 Ynsan ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi». Onsoň başga oba gitdiler.
57 Ýol bilen barýarkalar, bir adam Oňa: «Ýa Reb! Sen nirä gitseň, men-de yzyňa düşerin» diýdi.
58 Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi.
59 Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi.
60 Emma Isa oňa: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz et» diýdi.
61 Ýene birisi: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi.
62 Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýdi.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24