menýu

Lukanyň Hoş Habary 8 Bap


1 Şundan soň, Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi.

2 On iki şägirt we erbet ruhlardan hem syrkawlyklardan gutulan käbir aýallar, içinden ýedi jyn çykan Magdalaly diýilýän Merem,

3 Hirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýuhanna, Suzanna we başga-da birtopar aýallar Onuň ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Oňa gulluk edýärdiler.

4 Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi:

5 Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar.

6 Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar, çünki yzgar ýok eken.

7 Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar.

8 Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär». Bulary aýdansoň: «Gulagy barlar eşitsin!» diýip gygyrdy.

9 Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar.

10 Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syrlaryna düşünmek ukyby size berildi, ýöne başgalaryna gözläp görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, tymsallar bilen aýdylýar.

11 Tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň sözüdir.

12 Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne soň gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar.

13 Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.

14 Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler.

15 Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar.

16 Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni bir gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içerik girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr.

17 Çünki belli bolmajak gizlin zat ýokdur, bilnip üsti açylmajak ýaşyryn zat ýokdur.

18 Şonuň üçin, eşidişiňize üns beriň, çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ýöne kimde ýok bolsa, özünde bardyr diýip güman edýäni hem ondan alnar».

19 Isanyň ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldi, ýöne märeke zerarly, olar Onuň ýanyna baryp bilmediler.

20 Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda durlar, Seni görmek isleýärler» diýip habar berildi.

21 Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym ― Hudaýyň Sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi.

22 Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Kölüň aňyrsyna geçeliň» diýdi. Şeýlelikde, ugradylar.

23 Barýarkalar, Ol uka gitdi. Kölde birden güýçli ýel turup, gaýyga suw dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler.

24 Şägirtler baryp, Ony oýaryp: «Ussat, Ussat, heläklenip barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem çaýkanýan suwa käýedi, olar-da ýatdy, şeýle imi-salalyk boldy.

25 Ol şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýdi. Olar bolsa geňirgenişip, gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Bu ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýişdiler.

26 Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşen gadaralylaryň ýurduna geldiler.

27 Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa şol şäherden bolan we kän wagt bäri jyny bar bir adam gabat geldi. Bu eginbaş geýmän, öýde ýaşaman, mazarlaryň içinde ýaşardy.

28 Ol Isany görende gygyryp, Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý Isa! hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Saňa ýalbarýaryn, meni gynama».

29 Çünki Isa arwaha ol adamdan çykmagy buýrupdy, sebäbi arwah ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, kündeläp saklardylar. Emma ol baglary gyrardy, jyn ony çöllere çekerdi.

30 Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Legion» diýip jogap berdi. Çünki oňa köp jyn giripdi.

31 Jynlar özlerine dowzah çukuryna gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.

32 Şol ýerde dagyň üstünde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi. Jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat bermegi üçin, Oňa ýalbardylar. Ol hem rugsat berdi.

33 Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Süri bolsa uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy.

34 Çopanlar bolan zady görenlerinde gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler.

35 Halaýyk-da bolan zady görmek üçin çykyp, Isanyň ýanyna geldi. Olar içinden jynlaryň çykan adamynyň geýnip, Isanyň aýaklarynyň düýbünde oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.

36 Bu wakany görenler bolsa jyn uran adamyň nähili sagalanyny olara gürrüň berdiler.

37 Onsoň gadaralylar ýurdunyň bütin ilaty Isadan ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olara uly gorky aralaşypdy. Isa-da gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.

38 Emma içinden jynlar çykan adam Onuň ýanynda bolmak üçin, Isa ýalbardy.

39 Isa-da: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa edenlerini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini bütin şähere jar etdi.

40 Isa yzyna öwrülip gelende, halk Ony garşylady, çünki hemmeler Oňa garaşýardy.

41 Ine, sinagoganyň başlygy bolan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykylyp, Ondan öýüne barmagy haýyş etdi.

42 Çünki onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere barýarka, halaýyk her ýandan Ony gysýardy.

43 Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy tutup, bar-ýoguny tebiplere harç etse-de, hiç birisinden şypa tapmadyk bir aýal bardy.

44 Ol Isanyň ýeňsesinden baryp, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi welin, şol bada onuň gan akmasy kesildi.

45 Isa: «Maňa kim el degirdi!» diýdi. Hemmeler inkär edende, Petrus bilen ýanyndakylar: «Ussat! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsaň: „Maňa kim el degirdi?" diýýärsiň» diýdiler.

46 Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, çünki Men Özümden bir güýjüň çykanyny aňdym» diýdi.

47 Aýal gizlin galyp bilmänini görüp, titräp, Onuň öňünde ýere ýykyldy. Bütin halkyň öňünde näme üçin Oňa elini degrenini, şol bada hem şypa tapanyny aýtdy.

48 Isa oňa: «Gyzym! Imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi.

49 Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden biri gelip: «Gyzyň aýryldy, Mugallymy azara goýma» diýdi.

50 Emma Isa muny eşidende, oňa: «Gorkma, diňe iman et, ol gutular» diýdi.

51 Öýe gelip ýetenlerinde bolsa, Petrus, Ýahýa, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içerik girmäge rugsat etmedi.

52 Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Isa: «Aglamaň, ol ölenok, ol uklap ýatyr» diýdi.

53 Gyzyň ölüdigini bilýändikleri üçin, Oňa gülüşdiler.

54 Emma Isa hemmeleri daşaryk kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, gal!» diýdi.

55 Onuň ruhy yzyna gelip, gyz şolbada ýokary galdy. Isa oňa nahar berilmegini buýurdy.

56 Gyzyň ene-atasy geň galdy. Isa bolsa näme bolanyny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24