menýu

Mattanyň Hoş Habary 15 Bap


1 Onsoň fariseýler bilen kanunçylar Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler:

2 «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Çünki olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar».

3 Ol bulara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin adatyňyzyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz?

4 Çünki Hudaý: „Ataňy, eneňi syla", „Atasyna ýa enesine ýokuş söz aýdan hökman öldürilsin" diýip tabşyrypdyr.

5 Ýöne siz: „Kim atasyna ýa enesine menden görjek peýdaň Hudaýa peşgeşdir diýse,

6 atasyny ýa enesini sylamaly däl" diýýärsiňiz. Şeýdip, adatyňyzyň hatyrasyna Hudaýyň tabşyrygyny bozýarsyňyz.

7 Eý ikiýüzlüler! Işaýa pygamber:

8 Bu halk dilinde Meni sylaýar, ýöne olaryň ýürekleri Menden uzakda.

9 Biderek ýere Maňa sežde edýärler, çünki taglymat hökmünde öwredýänleri ynsan buýruklary" diýip, siz hakda oňat welilik edipdir».

10 Isa märekäni ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Diňläň, düşüniň!

11 Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, agyzdan çykan zat adamy murdar edýändir».

12 Onsoň şägirtler gelip: «Bu sözi eşidenlerinde, fariseýleriň gaharynyň gelenini bilýärsiňmi?» diýip, Ondan soradylar.

13 Ol şeýle jogap berdi: «Gökdäki Atamyň ekmedik her ösümligi köki bilen sogrular.

14 Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör köri itse, olaryň ikisi hem guýa gaçar».

15 Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündir» diýdi.

16 Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy?

17 Agza giren her bir zadyň garna baryp, daşaryk taşlanýandygyna düşünmeýärsiňizmi?

18 Ýöne agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär.

19 Çünki erbet pikirler, adam öldürme, azgynlyk, zynahorlyk, ogrulyk, ýalan güwälik, sögünç ýürekden çykýar.

20 Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».

21 Isa ol ýerden çykyp, Sur we Saýda etrabyna çekildi.

22 Ine, şol jelagaýda bolýan bir kenganly aýal gelip: «Ýa Reb, eý Dawut Ogly, maňa rehim et, jyn uranlygy sebäpli, gyzym ejir çekýär» diýdi.

23 Emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi. Şägirtleri ýanyna gelip: «Ony ugrat, çünki yzymyzdan gygyryp gelýär» diýip ýalbardylar.

24 Ol bolsa: «Men diňe Ysraýyl öýüniň ýitirim bolan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi.

25 Emma aýal gelip, Onuň öňünde ýere ýykylyp: «Ýa Reb, maňa kömek et» diýdi.

26 Isa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýip jogap berdi.

27 Aýal: «Hawa, ýa Reb, Ýöne itler hem eýeleriniň saçagyndan gaçan çörek owuntyklaryny iýýändir» diýdi.

28 Şonda Isa oňa: «Eý aýal, seniň imanyň uly! Saňa isleýşiň ýaly bolsun» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.

29 Isa ol ýeri terk edip, Jelile kölüniň golaýyna geldi, bir dagyň üstüne çykyp, şol ýerde oturdy.

30 Onuň ýanyna bir uly märeke geldi, olaryň ýanlarynda agsaklar, körler, lallar, çolaklar we ýene-de bir topar syrkawlar bardy. Olary getirip, Isanyň öňünde duruzdylar. Ol bulary sagaltdy.

31 Halk lallaryň gepleýändigini, çolaklaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ýöreýändigini görüp haýran galdy, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyrdy.

32 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Meniň bu märekä haýpym gelýär! Bular indi üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge-de hiç bir zatlary ýok. Ýolda ysgyndan gaçaýmasynlar diýip, olary aç goýberesim gelenok».

33 Şägirtler Oňa: «Beýle uly märekäni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler.

34 Isa olara: «Näçe çöregiňiz bar?» diýdi. Olar: «Ýedi, birnäçe hem maýda balygymyz bar» diýdiler.

35 Isa märekä ýerde oturmagy buýurdy.

36 Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýladylar.

37 Hemmeler iýip doýdular, artyp galan döwümleri bolsa ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar.

38 Iýenler aýallardyr çagalardan başga dört müň adamdy.

39 Isa märekäni ugradanyndan soň, gaýyga münüp, Magdala etrabyna gitdi.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28