menýu

Mattanyň Hoş Habary 19 Bap


1 Isa bu sözleri tamamlanyndan soň, Jelileden çykyp, Ýahudanyň çäklerine, Iordan derýasynyň aňyrsyna gitdi.

2 Uly märeke Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olary sagaltdy.

3 Fariseýler geldiler we Ony synap: «Her bir sebäp bilen aýaly aýyrmak dogrumydyr?» diýip soradylar.

4 Ol hem şeýle jogap berdi: «Ýaradanyň olary başda erkek we aýal edip ýaradandygyny,

5 „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini goýup, aýaly bilen höwrüger we ikisi bir ten bolar" diýenini siz okamadyňyzmy?

6 Şoňa görä, indi olar iki däl-de, bir ten hasaplanarlar. Hudaýyň goşanyny bendesi aýyrmasyn».

7 Olar Isa şeýle diýdiler: «Onda näme üçin Musa aýaly aýranda, onuň talak hatyny bermekligi tabşyrypdyr?»

8 Isa olara şeýle jogap berdi: «Doňýürek adamlar bolanyňyz üçin, Musa size aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, ýöne owal-başda beýle däldi.

9 Men size aýdýaryn, kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen hem zyna edýändir».

10 Şägirtler Oňa: «Erkek bilen aýal arasynda ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler.

11 Emma Isa olara şeýle diýdi: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler.

12 Çünki dogabitdi agtalar, adamlar tarapyndan agta edilenler we Gögüň Patyşalygy ugrunda özlerini agta edenler hem bardyr. Muny kabul edip bilen kabul etsin».

13 Onsoň olaryň üstüne elini goýup doga etsin diýip, Isanyň ýanyna çagalary getirdiler. Şägirtler çagalary getirenlere käýediler.

14 Emma Isa: «Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň, çünki Gögüň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.

15 Isa olaryň üstüne elini goýanyndan soň, ol ýerden gitdi.

16 Ine, biri Onuň ýanyna gelip: «Eý, ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşym bolar ýaly, men näme ýagşy zat etmeli?» diýdi.

17 Isa şeýle diýdi: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýagşy bolan täk Biri ― Hudaý. Ýöne ebedi ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, tabşyryklary berjaý et».

18 Ol Isadan: «Haýsy tabşyryklary?» diýip sorady. Isa şeýle jogap berdi: «Adam öldürme, zyna etme, ogrulyk etme, ýalan güwälik berme,

19 ene-ataňy syla, goňşyňy özüň ýaly söý».

20 Ýaş ýigit: «Men bularyň hemmesini berjaý etdim, ýene näme kemim bar?» diýip, Isadan sorady.

21 Isa oňa: «Kämil bolaýyn diýseň, git, nämäň bar bolsa, sat-da, garyplara ber, Gökde hazynaň bolar, onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.

22 Ýaş ýigit bu sözi eşidip, tukat bolup gitdi, çünki onuň köp mal-mülki bardy.

23 Isa şägirtlerine diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, barly adam Gögüň Patyşalygyna çetinlik bilen girer.

24 Size ýene aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi barly adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr».

25 Muny eşidenlerinde şägirtleri: «Onda kim halas bolup biler?» diýip, çakdanaşa geňirgenişdiler.

26 Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, ýöne Hudaý üçin ähli zat mümkin» diýdi.

27 Onsoň Petrus Oňa şeýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük, onda biziň nämämiz bolar?»

28 Isa-da olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenjek wagty, Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykararsyňyz.

29 Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, atasyny, enesini, aýalyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlan her kes ýüz esse edip alar, ebedi ýaşaýşyň mirasçysy bolar.

30 Ýöne köp ilkinjiler iň soňkular, iň soňkular hem ilkinjiler bolar».

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28