Mattanyň Hoş Habary 5 Bap
1 Isa märekäni görüp, daga çykdy, oturanynda şägirtleri Onuň ýanyna geldiler.
2 Ol söze başlady, olara sapak berip, şeýle diýdi:
3 Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr.
4 Ýaslylar bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.
5 Ýumşak adamlar bagtlydyr, çünki olar ýeri miras alarlar.
6 Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.
7 Rehimliler bagtlydyr, çünki olara rehim ediler.
8 Ýüregi päkler bagtlydyr, çünki olar Hudaýy görerler.
9 Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler.
10 Dogrulyk ugrunda yzarlananlar bagtlydyr, çünki Gögüň Patyşalygy olaryňkydyr.
11 Men zerarly sögülen, yzarlanan, nähak ýere her hili gybatyňyz edilen mahaly siz bagtlysyňyz!
12 Şat boluň, begeniň, Gökde aljak sylagyňyz uludyr, çünki sizden öňki pygamberler-de şeýle yzarlandylar».
13 Siz ýeriň duzusyňyz, emma duz tagamyny ýitirse, ol näme bilen duzlanar? Daşaryk taşlanmakdan we aýak astynda depelenmekden başga hiç bir zada ýaramaz.
14 Siz dünýäniň yşygysyňyz. Dagyň depesinde gurlan şäher gizlin galyp bilmez.
15 Çyrany ýakyp-da, gabyň aşagynda goýman, çyradanyň üstünde goýýandyrlar, şonda ol öýdäkileriň hemmesine yşyk berýändir.
16 Siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle bir parlasyn welin, olar gowy işleriňizi görüp, Gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar».
17 Meni Mukaddes Kanuny ýa pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary berjaý etmäge geldim.
18 Çünki size dogrusyny aýdýaryn, Gök bilen ýer geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez.
19 Muňa görä, kim şu iň kiçi tabşyryklardan birini bozsa we şeýle etmegi öwretse, Gögüň Patyşalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý etse we öwretse, ol Gögüň Patyşalygynda uly saýylar.
20 Çünki Men size aýdýaryn: dogrulygyňyz kanunçylaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Patyşalygyna asla girmersiňiz».
21 Siz gadymkylara: „Adam öldürme, kim adam öldürse, höküme sezewar bolar" diýlenini eşidensiňiz.
22 Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna nähak gaharlanan kişi hökümine sezewar bolar. Kim öz doganyna „Raka" diýse, mejlisiň hökümine sezewar bolar. Kim „Samsyk" diýse, dowzahyň oduna sezewar bolar.
23 Şonuň üçin gurbanyňy gurbanlyk edilýän ýere alyp baranyňda, doganyň senden öýke-kinesiniň bardygy ýadyňa düşse,
24 gurbanyňy şol ýerde, gurbanlyk edilýän ýeriň öňünde goý-da, gidip öňürti doganyň bilen barlyş, onsoň gelip gurbanyňy bagyş et.
25 Dawagäriň bilen entek ýoldakaň derrew ýaraş, dawagäriň seni kaza, kazy hem seni garawula berip, zyndana salaýmasyn.
26 Saňa dogrusyny aýdýaryn, iň soňky köpügi töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».
27 Siz: „Zyna etme" diýlenini eşidensiňiz.
28 Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir.
29 Sag gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha zyňylmagyndan gowudyr.
30 Sag eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de taşla, saňa bir synaň ýok bolmagy bütin göwräň dowzaha gitmeginden gowudyr.
31 Şeýle hem, „Kim aýalyny goýberse, oňa talak hatyny bersin" diýlendir.
32 Men welin size diýýärin, zynadan başga sebäp bilen aýalyny aýyran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylan aýala öýlenen-de zyna edýändir».
33 Siz ýene-de gadymkylara: „Ýalan ýere ant içme, antlaryňy Rebbiň öňünde berjaý et" diýlenini eşidensiňiz.
34 Men welin size asla ant içmäň diýýärin ― Gökden ant içme, çünki ol Hudaýyň tagtydyr.
35 Ýerden ant içme, çünki ol Onuň aýaklarynyň basgançagydyr. Iýerusalimden ant içme, çünki ol beýik Patyşanyň şäheridir.
36 Öz başyňdan hem ant içme, sebäbi sen onuň bir gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiň.
37 Siziň ― „Hawa" diýen sözüňiz „Hawa", „Ýok" diýeniňiz „Ýok" bolsun. Mundan artygy iblisdendir».
38 Siz: „Göze ― göz, dişe ― diş" diýlenini eşidensiňiz.
39 Men welin size diýýärin, ýamana garşy durma. Gaýta, kim seniň sag ýaňagyňa ursa, ol ýaňagyňy-da oňa öwür.
40 Seniň bilen dawalaşyp köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber.
41 Kim seni özi bilen bir çakrym ýol ýöremäge mejbur etse, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre.
42 Saňa dileg salana ber, karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme».
43 Siz: „Goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren" diýlenini hem eşidensiňiz.
44 Men welin size diýýärin, Gökdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňize gargaýanlara alkyş okaň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler, sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň.
45 Çünki Gökdäki Ataňyz Öz Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar.
46 Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi?
47 Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler-de şeýle etmeýärmi?
48 Şeýlelikde, Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň».
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28