menýu

Mattanyň Hoş Habary 3 Bap


1 Şol günlerde Ýahudanyň çölünde wagyz edip, çokundyryjy Ýahýa peýda boldy.

2 Ol: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlady» diýýärdi.

3 Sebäbi ol Işaýa pygamberiň: «Çölde gygyrýanyň sesi: „Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň" diýýär» diýenidir.

4 Ýahýanyň düýe ýüňünden geýimi, bilinde gaýyş guşagy bardy, iýmiti bolsa ýabany bal bilen çekirtgedi.

5 Şonda Iýerusalim, tutuş Ýahuda we bütin Iordan etraby onuň ýanyna eňdi.

6 Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda çokundyrýardy.

7 Ýahýa köp fariseýleriň we saddukeýleriň-de çokundyrylmaga gelýändiklerini görüp, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi?

8 Indi toba mynasyp hasyl beriň.

9 Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr" diýip oýlanmaň. Çünki men size aýdýaryn, Hudaý bu daşlardan-da Ybraýyma perzent ýaratmagy başarýandyr.

10 Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar.

11 Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar.

12 Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy Öz ammaryna ýygnap, samany sönmez otda ýakar».

13 Onsoň Isa Ýahýa tarapyndan çokundyrylmak üçin, Jelileden Iordana, Ýahýanyň ýanyna geldi.

14 Emma Ýahýa Ony saklap: «Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen meniň ýanyma gelýärsiňmi?» diýdi.

15 Isa oňa: «Häzir, goý, şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr» diýip jogap berdi.

16 Isa çokundyrylyp, derrew suwdan çykdy. Ine, Gök açyldy, Ol Hudaýyň Ruhunyň kepderi kimin Öz üstüne inip gelýänini gördi.

17 Şonda Gökden bir ses: «Bu Meniň söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn» diýdi. ‎

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28