Mattanyň Hoş Habary 4 Bap
1 Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin, çöle äkitdi.
2 Isa kyrk gije-gündizläp oraza tutansoň ajykdy.
3 Synagçy ýanyna gelip, Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýdi.
4 Emma Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi.
5 Onsoň iblis Ony mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturtdy-da,
6 Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: „Ol Öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer, olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler"».
7 Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama" diýip-de ýazylgydyr» diýdi.
8 Iblis ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip,
9 Oňa: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin» diýdi.
10 Şonda Isa oňa: «Ýanymdan aýryl, şeýtan! „Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et" diýip ýazylgydyr» diýdi.
11 Onsoň iblis Ony terk edip gitdi. Perişdeler gelip, Oňa hyzmat etdiler.
12 Isa Ýahýanyň tutulanyny eşidende, Jelilä gitdi.
13 Ol Nasyradan aýrylyp, Zebulun we Naftaly etrabyna bardy, deňiz ýakasynda bolan Kapernaumda mekan tutdy.
14 Şeýdip, Işaýa pygamber arkaly aýdylan şu sözler ýerine ýetdi:
15 «Zebulun ýurdy we Naftaly ýurdy, Iordanyň aňyrsynda, Deňiz ýakasyndaky ýolda, Milletleriň Jelilesinde,
16 Garaňkyda oturan halk Bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde Oturanlara yşyk ýalpyldady».
17 Şondan soň Isa: «Toba ediň, çünki Gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz etmäge başlady.
18 Ol Jelile kölüniň ýakasyndan geçip barýarka, iki doganyň ― Petrus diýilýän Simun bilen dogany Andreýasyň deňze torlaryny zyňyp duranlaryny gördi. Olar balykçydylar.
19 Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, Men sizi ynsan tutýan balykçylar edeýin» diýdi.
20 Olar-da derrew torlaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
21 Isa ol ýerden öňräk gidensoň, başga bir iki doganyň ― Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýanyň öz kakalary Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip oturanlaryny görüp, olary çagyrdy.
22 Olar hem derrew gaýykdyr kakalaryny taşlap, Onuň yzyna düşdüler.
23 Isa Jeliläniň her tarapyna aýlanyp, ol ýerlerdäki sinagogalarda sapak bererdi. Patyşalygyň Hoş Habaryny wagyz ederdi, halkyň arasyndaky her hili syrkawlary, hassalary bejererdi.
24 Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli syrkawlygy, keseli bar hassalary, jynly, tutgaýly we oturalary Onuň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.
25 Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahuda we Iordanyň aňyrsyndan uly märekeler Onuň yzyna düşdi.
Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28