menýu

Mattanyň Hoş Habary 22 Bap


1 Isa olara ýene-de tymsallar bilen gürrüň berip, şeýle diýdi:

2 Gögüň Patyşalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa ýalydyr.

3 Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, ýöne çagyrylanlar gelmek islemeýärler.

4 Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara şeýle diýýär: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men naharymy taýýarladym, öküzler, semiz mallar soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler".

5 Emma olar ähmiýet bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna, ýene biri öz söwdasynyň ugruna çykýar.

6 Beýlekiler-de onuň hyzmatkärlerini tutup, horlaýarlar, olary öldürýärler.

7 Şeýlelikde, patyşa gazaplanyp, goşun ýollaýar-da, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar.

8 Onsoň hyzmatkärlerine diýýär: „Toý taýýar, ýöne çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken.

9 Ýol çatryklaryna baryň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň".

10 Bu hyzmatkärler hem ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmandan dolýar.

11 Patyşa myhmanlara seretjek bolup içerik girende, toý geýimini geýmedik bir adama gözi düşýär.

12 Oňa diýýär: „Eý dost, sen toý geýimini geýmän, bu ýere nähili girdiň?" Ýöne ol sesini çykarmaýar.

13 Onsoň patyşa hyzmatkärlere diýýär: „El-aýagyny baglaň-da, ony daşaryk, garaňkylyga taşlaň, ol ýerde agy we diş gyjama bolar".

14 Çünki çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr».

15 Onsoň fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat geçirdiler.

16 Hirodesçiler bilen öz şägirtlerini Isanyň ýanyna iberip diýdiler: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat ýüzünden öwredýändigiňi, hiç kime ýaranjak bolmaýandygyňy bilýäris, çünki Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.

17 Indi bize aýt, Sen näme diýýärsiň, kaýsara salgyt tölemek dogrumy ýa dälmi?»

18 Isa olaryň ýaman niýetlerini bilip diýdi: «Meni näme üçin synaýarsyňyz, eý ikiýüzlüler?

19 Maňa salgyt puluny görkeziň». Olar hem Oňa bir dinar getirdiler.

20 Isa olara: «Şu surat bilen ýazgy kimiňki?» diýdi.

21 Olar: «Kaýsaryňky» diýdiler. Şonda Isa olara: «Onda, kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi.

22 Olar muny eşidenlerinde haýran galyp, Onuň ýanyndan gitdiler.

23 Ölümden direlme ýokdur diýýän saddukeýler şol gün Isanyň ýanyna gelip, Oňa sorag berdiler:

24 Mugallym, Musa: „Eger bir adamyň zürýady bolman ölse, dogany onuň aýalyny alyp, doganyna nesil ýetişdirmelidir" diýipdir.

25 Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy.

26 Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli şeýle boldy.

27 Olaryň hemmesinden soň hem aýal öldi.

28 Indi, ölüler direlende, bu aýal ol ýedi doganyň haýsysynyň aýaly bolar? Çünki hemmesi ony alypdy».

29 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz Mukaddes Ýazgylary, Hudaýyň gudratyny bilmän ýalňyşýarsyňyz.

30 Ölüler direlenlerinde öýlenmän, äre çykman, Hudaýyň Gökdäki perişdeleri ýaly bolarlar.

31 Ölümden direlmä gelenimizde bolsa, siz Hudaýyň özüňize:

32 „Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy, Ýakubyň Hudaýydyryn" diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýydyr».

33 Märeke muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.

34 Fariseýler Isanyň saddukeýleriň sesini çykartmanlygyny eşidenlerinde, bir ýere ýygnanyşdylar.

35 Olardan bir kanunçy Isany synamak üçin:

36 «Mugallym, kanunda iň uly tabşyryk näme?» diýip sorady.

37 Isa oňa şeýle diýdi: «„Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý".

38 Şu birinji we iň uly tabşyrykdyr.

39 Ikinji hem şonuň ýaly: „Goňşyňy özüň ýaly söý".

40 Bütin kanun we pygamberler ýazgylary şu iki tabşyryga baglydyr».

41 Fariseýler ýygnanyşyp durkalar, Isa olardan:

42 «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň Ogly?» diýip sorady. Olar hem Isa: «Ol Dawudyň Ogly» diýdiler.

43 Isa olara şeýle diýdi: «Onda, näme üçin Dawut Ruhdan ylham alyp, Oňa Reb diýip:

44 „Reb meniň Rebbime diýdi: Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, Meniň sagymda otur" diýýär?

45 Eger Dawut Oňa Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»

46 Hiç kim Isa jogap berip ýekeje söz hem aýdyp bilmedi, şol günden beýläk hiç kim Ondan bir zat soramaga ýürek etmedi.

Bölümler: 1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28