Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 101 Bap

çalt geçiş:

1 Men wepalylyk we adalat barada nagma aýdaryn, ýa Reb, men Saňa şatlanyp, nagma aýdaryn.

2 Men kämillik ýolundan ýörärin. Wah, haçan gelerkäň meniň ýanyma?! Öýümde ýürek kämilliginde ýaşaryn.

3 Göz alnymda ýaman zada men ýol bermerin, günä etmegi men ýigrenýärin, günä maňa ýanaşmaz.

4 Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.

5 Gizlinlikde ýakynyna töhmet atany weýran ederin, gözi ýer görmeýäne, tekepbir ýüreklä çydap bilmerin.

6 Ýurduň sadyklarynyň maňa ýoldaş bolary ýaly, men olara mähir bilen gararyn. Meniň gullugymda kämillik ýolunda gezýänler durar.

7 Hilegärlik edýän meniň öýümde ýaşamaz, ýalan sözleýän gaşymda durmaz.

8 Rebbiň şäherinden betkärleri kowmaklyk üçin, sähersaýyn ýurtdaky erbetleri weýran ederin.