Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 64 Bap

çalt geçiş:

1 Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit, duşman wehiminden janymy gora.

2 Meni gizle erbetleriň dilleşmesinden hem-de betkärleriň gozgalaňyndan.

3 Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär;

4 duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.

5 Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.

6 Olar jenaýat etmegi niýet edinýär, olar: «Birkemsiz hile-pirim düzdük, ynsanyň kalbyny bilip bolmaýar», diýip birek-biregne aýdýar.

7 Emma Hudaý olara peýkamyn atar, olar duýdansyz ýaralanar.

8 Öz dilleri olaryň başyna ýeter, olary görenleriň bary hopugyp gaçar.

9 Ähli ynsanlar gorka düşerler, olar Hudaýyň işini beýan ederler; Onuň edeni barada pikir ederler.

10 Dogry adam Rebde şatlansyn, goý, ol Rebbi özüne pena edinsin; ýüregi dogrularyň bary magtansyn.