Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 112 Bap

çalt geçiş:

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebden gorkýan, buýruklaryndan lezzet alýan neneňsi bagtly!

2 Onuň zürýady ýurtda kuwwatly bolar, dogrularyň nesli bereket tapar.

3 Bolelinlik, baýlyk onuň öýünde bolar, dogrulygy dowam eder asyrlarboýy.

4 Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.

5 Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.

6 Çünki dogry ynsan hiç haçan sarsmaz, müdimilik ol unudylmaz.

7 Ol şum habardan gorkmaz, Rebbe bil baglap, ýüregi sarsmaz.

8 Onuň ýüregi mäkäm, ol asla eýmenmez, iň soňunda duşmanlarynyň ýeňlişin görer.

9 Ol sahylyk bilen paýlady, mätäje berdi, onuň dogrulygy dowam eder ebedi, at-abraýy bilen bile artýar kuwwaty.

10 Erbet adam muny görüp, gazaba münýär, dişini gyjaýar we ruhdan düşýär; erbet adamyň göwün islegleri puç bolar.