Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 36 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Rebbiň guly Dawudyň mezmury.)

1 Erbet adamyň etmişi ýüreginde seslenýär, Hudaýdan gorky ýok onuň gözünde.

2 Çünki günäsini tapyp, ony ýigrenerinden, juda hoşdur onuň göwni özünden.

3 Agzynyň sözleri – betlik hem hile, paýhaslanyp, ýagşylyk etmegi hiç islemeýär.

4 Düşeginde ýamanlyk etmegiň ýollaryny oýlaýar, bet ýola düşýär, ony asla ýigrenç saýmaýar.

5 Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.

6 Seniň dogrulygyň belent daglar deý, Seniň adalatly hokümleriň düýpsüz çuňluk deý. Ýa Reb, Sen ynsany, haýwany halas edýärsiň.

7 Eý, Hudaý, wepaly söýgiň neneň gymmatly! Seniň ganatlaryň saýasy ynsan ogullaryna pena bolýandyr.

8 Öýüňiň näzi-nygmatyndan doýýarlar; Sen olary Öz lezzet derýaňdan gandyrýaň.

9 Çünki ýaşaýşyň gözbaşy Sende; biz nur görýäris Seniň nuruňda.

10 Seni tanaýanlara dowam etdir wepaly söýgiňi, ýüregi dogrulara – dogrulygyňy.

11 Tekepbiriň aýagy meni basgylamasyn, erbet adamlaryň eli meni kowmasyn.

12 Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.