Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 127 Bap

çalt geçiş:

1 Eger öýi Reb bina etmese, ony bina edýänleriň azaby puçdur. Eger şäheri Reb goramasa, garawulyň oýa durmagy puçdur.

2 Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.

3 Çagalar – Rebden bolan mirasdyr, ýatgynyň miwesi – Ondan sylagdyr!

4 Ýaşlyk çagynyň ogullary edermeniň elindäki peýkamlar ýaly:

5 sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.