Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 52 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Edomly Döweg Şawula gelip, Dawut Ahymelegiň öýüne baryp ýetendigini habar berende, Dawudyň aýdan mezmury.)

1 Näme üçin ýamanlyk bilen öwünýäň, eý, edermen? Hudaýyň wepaly söýgüsi hemişe meniň bilen!

2 Seniň diliň düzýär weýrançylyklary, ol ýiti päki kimin işläp düzýär hiläni.

3 Sen ýagşylykdan ýamanlygy halaýaň, hakykaty sözläniňden – ýalan aýtmagy.

4 Eý, hileli dil, sen halaýaň ähli heläkleýji sözleri!

5 Emma Hudaý seni baky heläklär, seni tutup, çadyryňdan çekip çykarar, ýaşaýyş topragyndan köküňi sograr. Sela

6 Dogry adamlar muny görüp, gorkarlar, oňa gülüp, şeýle diýerler:

7 «Ine, bu adam Hudaýy özüne pena etmedi, öz baýlygynyň köplügine baglady bili; ol öz baýlygyndan pena gözledi».

8 Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň wepaly söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.

9 Edenleriň üçin Saňa baky şükür ederin; Saňa sadyk bolanlaryň jemagatynda Seniň ýagşy adyňa umyt baglaryn.