Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 138 Bap

çalt geçiş:

1 Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.

2 Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň.

3 Çagyran günümde Sen jogap berdiň, janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.

4 Ýa Reb, Saňa şükür edýärler ýer ýüzüniň ähli şalary, çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.

5 Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar, çünki Rebbiň şöhraty beýik.

6 Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.

7 Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.

8 Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.