Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 29 Bap

çalt geçiş:

1 Reb barada aýdyň, eý, ylahy barlyklar, Rebbiň şöhratlydygy, kuwwatlydygy barada aýdyň.

2 Rebbiň adyny mynasyp şöhratlandyryň; şanly mukaddesliginde Oňa siz sežde ediň.

3 Rebbiň sesi suwlaryň ýüzünde, Hudaýyň şöhraty gümmürdeýär, Reb ummasyz suwlardan üstündir.

4 Rebbiň sesi kuwwatlydyr, Rebbiň sesi şan-şöhratlydyr.

5 Rebbiň sesi kedr agaçlaryny döwýär, Reb Liwan kedrlerini owradýar.

6 Ol Liwan dagyny göle deý, Sirýon dagyny-da ýabany öküzçe deý bökdürýär.

7 Rebbiň sesi ýyldyrymlar çakdyrýar.

8 Rebbiň sesi çöli sarsdyrýar, Reb Kadeş çölüni sarsdyrýar.

9 Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.

10 Reb siliň ýokarsynda tagt gurup oturýar. Reb Şa hökmünde baky oturýar.

11 Goý, Reb Öz halkyna güýç-kuwwat bersin hem-de ony parahatlyk bilen ýalkasyn!