Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 125 Bap

çalt geçiş:

1 Rebbe bil baglaýanlar Siýon dagy deý: ol sarsmaz, ol durar asyrlarboýy.

2 Daglaryň Iýerusalimi gurşaýşy ýaly, Reb gurşaýar Öz halkynyň daşyny şindiden asyrlarboýy.

3 Dogrularyň ýurdunda erbetler höküm sürmezler baky, ýogsa dogrularyň hem ýamanlyk etmegi mümkin.

4 Ýa Reb, Sen ýalka, ýagşylary we päk ýüreklileri.

5 Emma Reb özleriniň egri ýollaryna sowlanlary, betkärler bilen bile jezalandyrar; goý, Ysraýylda rahatlyk bolsun!