Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 75 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Asafyň mezmury. Nagma.)

1 Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.

2 Diýýärsiň: «Öz bellän wagtym gelende, ýüz görmezlik bilen höküm çykararyn Men.

3 Ýer we onuň ilaty titrän wagtynda, Liwýatan – gadymy rowaýatlardaky deňiz peläketi. Sözlüge seret. Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys – bu sözlem käbir gadymy golýazmalardan alnandyr. Ol başga golýazmalarda Seniň gudratlaryňy jar edýärler görnüşinde duş gelýär. Mendirin onuň direglerini berkiden» Sela

4 Öwünjeňlere: «Öwünmäň» diýýän, erbetlere: «Güýjüňize daýanmaň» diýýän.

5 Siz öz kuwwatyňyza magtanmaň, ýeňsäňizi dim-dik tutup gürlemäň.

6 Çünki ýeňiş ne gündogardan, ne günbatardan, ne-de çöldendir.

7 Kazylyk edýän diňe Hudaýdyr, birini peseldip, birini beýgeldýän Oldur.

8 Çünki käse Rebbiň elinde, ol güýçli garylyp, köpükleýän şerapdan doly. Reb gazaby we şeraby käseden guýar: ýer ýüzüniň ähli erbetleri, ony löderesine çenli içerler.

9 Men bolsa elmydama beýan ederin, Ýakubyň Hudaýyna nagma aýdaryn.

10 Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.