Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 150 Bap

çalt geçiş:

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Ony mukaddes öýünde şöhratlandyryň, Ony kuwwatly göklerinde şöhratlandyryň!

2 Ony gudratly işleri üçin şöhratlandyryň, Onuň ajaýyp belentligine laýyk şöhratlandyryň!

3 Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we kinorda şöhratlandyryň!

4 Deprek kakyp, tans edip, şöhratlandyryň, kirişli gural, tüýdük çalyp, şöhratlandyryň!

5 Ony owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň, Ony belent owazly kimwallar bilen şöhratlandyryň!

6 Burnunda dirilik nepesi bolanlaryň bary Rebbi şöhratlandyrsyn! Rebbe şan-şöhrat bolsun!