Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 21 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.)

1 Ýa Reb! Patyşa Seniň kuwwatyňa şatlanýar, halas edendigiňe biçak begenýär.

2 Ýürek arzuwlaryny Sen oňa berdiň; diliniň dilegini Sen ret etmediň.

3 Bol bereketleriň bilen Sen garşy aldyň, başyna sap altyndan jyga geýdirdiň.

4 Ol Senden ömür diledi, Sen oňa berdiň ebedilik, müdimilik bir ýaşy.

5 Seniň ýeňşiň bilen beýik onuň şöhraty, Sen hormat bilen dabara beslediň ony.

6 Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.

7 Çünki Rebbe bil baglaýar patyşa, Beýik Hudaýyň wepaly söýgüsi arkaly ol sarsdyrylmaz.

8 Seniň eliň tapar ähli duşmanlaryňy, Seniň goluň – Seni ýigrenýänleri.

9 Seniň huzuryň peýda bolanda, olary edersiň otly tamdyr deý; Reb ýuwdar olary Öz gaharynda; ot hem ýalmap iýer olary.

10 Ýer ýüzünden ýok edersiň nesillerini, ynsanlar arasyndan – zürýatlaryny.

11 Saňa garşy erbet niýet edäýseler hem, dildüwşük guraýsalar hem – üstün çykmazlar.

12 Çünki ýüzlerine peýkamlary çenemek bilen Sen olary yzlaryna öwrersiň.

13 Ýa Reb, beýgel Sen Öz kuwwatyňda, biz Seniň güýjüň barada nagma aýdyp, alkyş aýdarys.