Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 76 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz gurallary üçin. Asafyň mezmury. Nagma.)

1 Hudaý Ýahudada meşhurdyr, Onuň ady Ysraýylda beýikdir.

2 Onuň çadyry Salimdedir, Onuň mekany Siýondadyr.

3 Ol şol ýerde döwdi otly peýkamlary hem-de galkany, gylyjy hem-de söweş ýaraglaryny. Sela

4 Sen nur deý şöhle saçýarsyň, awlaglara baý bolan daglardan dabaralysyň.

5 Arslan ýürekliler oljasyny aldyrdylar, olar baky uka gitdiler. Iň güýçlüleriň hiç biriniň-de elini galdyrmaga gurby çatmady.

6 Eý, Ýakubyň Hudaýy, Seniň käýinjiňden atlar, söweş arabalary doňup galdylar.

7 Sen wehimlisiň! Gazaba müneňde kim durup biler?

8 Sen göklerden yglan etdiň karary; ýer ýüzüniň ähli pukarasyny halas etmäge,

9 Sen kazylyk etmek üçin aýaga galdyň, şonda ýer-ýüzi eýmenip, ümsümlik boldy. Sela

10 Saňa öwgi gazandyrar hatda ynsan gazaby, gazabyňdan gutulanlar-da Saňa öwgi aýdarlar.

11 Beýik Hudaýyňyza sadaka aýdyň, olary beriň, töweregindäkileriň bary wehimli Hudaýa sowgat getirsin.

12 Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur.