Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 63 Bap

çalt geçiş:

1 Eý, Hudaý! Sensiň Hudaýym, Seni agtarýaryn ir säher bilen, meniň janym teşnedir Saňa. Gurak, içgysgynç, suwsuz toprakda kimin Seni küýseýär meniň bedenim.

2 Seniň kuwwatyňy, şöhratyňy görmeklik üçin, Mukaddes öýüňde Saňa seretdim.

3 Çünki Seniň wepaly söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.

4 Ömürboýy Saňa alkyş okaryn, ellerimi galdyryp, Saňa doga ederin.

5 Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda,

6 janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Seni şöhratlandyrýar.

7 Çünki Sen meniň kömegim bolduň; ganatlaryňyň saýasynda şatlanyp, nagma aýdaryn.

8 Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.

9 Janymyň kastyna çykanlar bolsa, ýeriň teýine inip giderler.

10 Olar gylyjyň zarbyna berler, şagallara şam bolar olar.

11 Şa bolsa Hudaýyň edenlerine şat bolar; Oňa wada berýänleriň bary heşelle kakar, çünki ýalançylaryň agzy baglanar.