Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 15 Bap

çalt geçiş:

1 Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?

2 Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,

3 dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän;

4 onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;

5 öz puluny göterimine bermeýän, ýazyksyza garşy para almaýan. Şeýle ynsan asla yranmaz.