Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 111 Bap

çalt geçiş:

(Rebbe şan-şöhrat bolsun!)

1 Men dogrularyň mejlisinde we jemagatda tutuş kalbym bilen Rebbe şükür ederin.

2 Beýikdir Rebbiň işleri, olary agtarýar bar muşdaklary.

3 Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.

4 Ol ýatdan çykmajak gudratly işleri etdi, Reb merhemetli hem-de rehimli.

5 Ol Özünden gorkýanlara berýär rysgaly, eden ähti ýadyndadyr müdimi.

6 Ol halkyna işleriniň gudratyny görkezdi: milletleriň mirasyny olara berdi.

7 Onuň elleriniň işleri wepaly we adalatly, Onuň bar buýruklary ygtybarlydyr.

8 Elleriniň işleri berkarar edildi asyrlarboýy, wepalylyk we dogrulyk olaryň binýatlary.

9 Reb Öz halkyny halas eýledi, Öz ähtini baky buýurdy; Onuň ady mukaddes hem-de wehimli.

10 Rebden gorkmak – danalyk başy, muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry. [ת] Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy.