Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 149 Bap

çalt geçiş:

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbe täze nagma aýdyň, sadyklar jemagatynda Oňa öwgüler aýdyň!

2 Ysraýyl Ýaradanyna şatlansyn! Siýon perzentleri Şasyna, goý, begensin!

3 Olar tans edip, Ony şöhratlandyrsyn, deprekde, kinorda Oňa mukamlar çalsyn!

4 Çünki Reb Öz halkyndan göwnühoş bolýar, Ol pespälleri gutulyşa besleýär.

5 Sadyklar aklanyp, goý, beýgelsinler, düşeklerinde şatlanyp, nagma aýtsynlar.

6 Dillerinde Hudaýa öwgüler bolsun, ellerinde ikiýüzli gylyçlar bolsun.

7 Olar milletlerden, goý, öç alsynlar, halklara jeza bersinler.

8 Patyşalaryny zynjyrlasynlar, asylzadalaryna gandal ursunlar.

9 Olar babatda ýazylan hökümi berjaý etsinler! Munuň özi sadyklaryň bary üçin hormatdyr. Rebbe şan-şöhrat bolsun!