Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 82 Bap

çalt geçiş:

1 Hudaý Öz mejlisinde ornuna geçip, ylahy barlyklaryň arasynda kazylyk edýär.

2 Hudaý şeýle diýýär: «Haçana dek adalatsyz kazylyk edip, siz erbetlere tarapgöýlik etmekçi? Sela

3 Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.

4 Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.

5 Siz bilmeýärsiňiz, düşünmeýärsiňiz, siz garaňkylykda ýöreýärsiňiz, ýeriň binýatlary lerzana gelýär».

6 Men diýýärin: «Siz ylahy barlyklarsyňyz, Beýik Hudaýyň ogullary – siziň baryňyz.

7 Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».

8 Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne çünki Seniňkidir ähli milletler.