Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 120 Bap

çalt geçiş:

1 Muşakgatly wagtym çagyrdym Rebbi, Ol hem maňa berdi jogaby.

2 Ýa Reb, ýalançy agyzdan, hileli dilden halas et meni.

3 Eý, hileli dil, saňa gör-bak näme ediler! Onuň üstesine näme goşular?

4 Edermeniň ýiti oklary, ojaryň ýandyryjy közleri!

5 Dat-bidat meniň halyma! Çünki Meşekde sergezdan boldum, Kedar çadyrlarynda mesgen tutmaly boldum;

6 dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.

7 Parahatlygyň tarapdary men, emma agzymy açan badyma, olar eýýäm uruş-jenjele taýýar.