Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 85 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.)

1 Ýa Reb, Sen Öz ýurduňa merhemet etdiň, Ýakup halkynyň abadanlygyny ýene dikeltdiň.

2 Öz halkyňyň etmişlerini geçirdiň, onuň ähli günälerini Sen bagyşladyň. Sela

3 Ähli gazabyňy Sen jylawladyň, ýowuz gazabyňy Sen köşeşdirdiň.

4 Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan eliňi göter.

5 Sen gaharlanjakmy bize ebedi? Nesilden-nesle geçirjekmi Öz gaharyňy?

6 Halkyňyň Sende şatlanyp bileri ýaly, Sen bizi gaýtadan dikeltjek dälmi?

7 Ýa Reb, bize wepaly söýgiňi görkez, Öz halas edişiňi bize peşgeş et.

8 Diňlärin Beýik Hudaýyň aýtjaklaryny. Ol halkynyň, sadyklarynyň gaýtadan akmaklyk etmezi ýaly, olara wada berýär parahatlygy.

9 Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!

10 Söýgi bilen wepadarlyk birleşer, dogrulyk parahatlyk bilen biriger.

11 Wepadarlyk ýerden gögerer, dogrulyk-da asmandan garar.

12 Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler.

13 Dogrulyk Onuň öňünden ýörär, Onuň gadamlaryna ýoly taýynlar.