Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 11 Bap

çalt geçiş:

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Men Rebbi pena edinýärin. Maňa neneň şeýle aýdyp bilýäňiz: «Guş kimin öz dagyňa gaç –

2 ynha, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.

3 Eger binýatlar edilse weýran, näme edip biler ol dogry ynsan?»

4 Reb Öz mukaddes ybadathanasyndadyr; Onuň tagty göklerdedir. Onuň gözleri synlaýar, nazary adamzady barlaýar.

5 Reb synaýar dogry ynsany, emma Onuň kalby ýigrenýär erbetleri we zorluk söýýän adamy.

6 Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar köreýän közleri hem-de kükürdi; ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.

7 Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.